Täze möwsümde aşgabatlylar Gurjak teatrynda Arşyn mal alan oýnuna tomaşa edip bilerler

Azerbaýjan kompozitory Uzeir Gajibekowyň könelmez Arşyn mal alan“ sazly komediýasy paýtagtymyzyň teatrlarynyň üçüsinde üstünlikli görkezilýär. Režissýor Türkmenistanyň at gazanan artisti Amangül Mämmetýazowanyň goýan oýny şeýle bir özboluşly we täsirli çykypdyr weli, eger-deAşgabatda görkezilýän şu spektallaryň arasynda bäsleşik geçirilse ol birinji orna mynasyp bolardy.

Gündogarda ozal ýaşlar ata-enesiniň islegine görä durmuş gurupdyrlar.Olar köplenç diňe toýda tanyşýan ekenler.Arşyn mal alan“ komediýasynyň baş gahrymany ozaldan gelýän däbe garşy çykyp, öz halanyny almak isleýär. Ýöne ýüzi nikaply gyzy neneň halarsyň?

Onuň agasy Süleýman inisine mata satýan täjir bolan bolup, öýme-öý aýlanyp gelin-gyzlara dürli mata hödürlemegi teklip edýär.Arşyn mal alan“ arşynlap mata satýan diýmekdir.Askeriň ariýasyndaky Sag bolsun Süleýman, ol maňa öýlenmäge ýardam etdi!“-diýen sözleri dünýä ýüzüne ýaýrap,bu gülküli waka diňe bir GDA ýurtlaryna däl, eýsem ABŞ-dyr Hytaýda-da meşhurlyk gazandy.

Gurjak teatrynda diňe bir artistler däl, eýsem gurjaklaram çykyş eder...Gowusy, oýny goýujylaryň pikrini beýan etmäliň. Tomaşaçylar bu belli eseriň täzeçe görnüşine tomaşa edip bilerler.

-Men öňden bäri Arşyn mal alany“ goýmagy arzuw edýärdim,--diýip Amangül Mämmetýazowa gürrüň berýär,--şonuň üçinem olaryňka meňzetmejek bolup kärdeşlerimiň goýan oýunlaryny görmedim. Diňe çaga döwrüm gören filmim ýadymda, ol maňa güýçli täsir edipdi. Biziň döredijilik toparymyz dürli ýaşdaky tomaşaçylaryň göwnünden turup, ýurdumyzyň teatr durmuşynda ýatda galjak üýtgeşik we şadyýan oýun döretmegi maksat edindi.

Ýene degişli makalalar

Gurjak teatry täze möwsümde Arşyn mal alany“ görkezdi
Körpeleriň Aşyr dädesi
Paýtagtymyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
Ýurdumyzyň teatrlarynda 18-20-nji awgust aralygynda görkeziljek sahna oýunlary
Körpeleriň Aşyr dädesi
Begenç we Mähri Moşiýewleriň maşgala konserti