Täze okuw ýylyna taýýarlyk görülýär

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň bilim ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyryldy we bu özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi dowam edýär.Bu bolsa Watanymyzyň ertiri bolan ýaş nesliň gurujy, dörediji, giň gözýetimli, döwrüň ösen täze tehnologiýalary arkaly işlemegi başarýan bagtyýar nesiller bolup ýetişmegini üpjün edýär. Ýaş nesilleriň geçirilýän bäsleşiklerde gazanýan üstünlikleri sanardan köp.

Okuwçylar dürli bäsleşiklerde ýeňiş gazanyp, altyn, kümüş, bürünç medallara eýe bolýarlar.Munuň özi bilim ulgamyny ösdürmek üçin edilýän çäksiz aladanyň netijesidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda özgertmeleriň amala aşyrylmagy häzirki döwrüň häsiýetli aýratynlygydyr.Bilim ulgamyna täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy Türkmenistanda bilim özgertmeleriniň üs-tünlikli bolmagynyň girewidir.Bilimli, döwrüň ösen tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan ýaşlar biziň geljegimizdir.

Sowatly ýaşlary taýýarlamakda umumy bilim berýän mekdepleriň mugallymlaryna uly jogapkärçilik düşýär.Mugallymlaryň okadýan sapaklarynda sanly bilimiň gazananlaryny giňden peýdalanmagy ýokary hilli bilimiň gazanylmagyny üpjün edýär.Elektron sowallar, ýörite düzülen testler okuwçylaryň bilimini barlamaga, olaryň pikirleniş ukyplaryny ösdürmäge ýardam berýär.

Okuw sapagynyň dowamynda okuwçylara diňledilýän dürli görnüşli sesli audioýazgylar bolsa olaryň ukybynyň ösmegine getirýär.Häzirki döwürde ýurdumyzyň geljegi bolan bagtyýar nesilleriň okap, bilim almaklary barada uly tagallalar edilýär.

Bu babatda durmuşa geçirilýän işler, döredilýän ajaýyp mümkinçilikler ýaş nesilleriň ýagty geljegini üpjün etmäge gönükdirilendir.Muny şu günler ýurdumyzda täze 20222023-nji okuw ýylyna görülýän taýýarlyk işlerinde hem duýmak bolýar.Paýtagtymyzda we welaýatlaryň etrapdyr şäherlerinde hereket edýän mekdep bazarlarynda döredilen haryt bolçulygy gözüňi dokundyrýar.

Bu asylly işlerde ýurdumyzyň telekeçilerine aýratyn orun degişlidir. Şu günler mekdep bazarlarynda alyjylara hödürlenýän dürli görnüşli okuw esbaplary ýaş nesilleriň täze okuw ýylyna guramaçylykly başlamagyna itergi berýär.Bu söwdanyň gyzgalaňly pursatlaryny synlamak ýakymly.

Dürli okuw esbaplary, şol sanda, galamlar, okuw torbalary, aýak-gaplar, oglanlar üçin ak köýnekler, jalbarlar, gyzlar üçin hem ak öňlükler amatlylygy, ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar.Owadan keşdelenen tahýalary synlanyňda gözüň dokunýar.Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze okuw ýylyny üstünlikli garşylamak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar.

Ak mekdepler çagalaryň netijeli bilim almagy üçin hemmetaraplaýyn taýýar edildi.Täze okuw ýylynda birinji synpa gadam basjak çagalar hasaba alnyp, olara bilim berjek başlangyç synp mugallymlary bellenildi.Bularyň ählisi ýaş nesliň döwrebap bilim almagynda, şeýle-de mugallymlaryň döredijilikli zähmet çekmeginde aýratyn ähmiýete eýedir. Şolaryň hatarynda her ýylyň awgustynda geçirilýän pedagogik işgärleriň usuly-amaly okuwlary we maslahatlary-da ýaşlara bilim bermekde pedagoglaryň has kämilleşmegine itergi berýär.Bilşimiz ýaly, bilim işgärleri hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny ösdürmekde öňde goýýan wezipelerinden ugur alyp, yhlasly zähmet çekýärler.

Sapaklary döwrebap usulda guramaga aýratyn üns berýärler.Netijeli sapak guramagyň öňdebaryjy usullaryny paýlaşmak, şeýle-de pikir alyşmak maksady bilen pedagogik işgärleriň awgust maslahatlarynyň öň ýanynda etrap, şäher usuly-amaly okuwlary geçirilýär.

Bu okuwlarda işine ökde pedagogik işgärler iş tejribelerini kärdeşleri bilen paýlaşýarlar.Onda mekdep müdirleri, olaryň orunbasarlary, ders mugallymlary, çagalar baglarynyň müdirleri, terbiýeçiler, çagalar edaralarynyň öňdebaryjy işgärleri çykyş edip, bilim bermegiň netijeli usullary barada pikir alyşýarlar. Şeýle-de, oňa gatnaşýanlar ýaş nesle bilim bermekde innowasion usullaryň ähmiýeti barada belläp, öz tejribelerini taýýarlan prezentasiýalarynyň üsti bilen kärdeşlerine ýetirýärler.Okuw maksatnamasyna täze dersleriň girizilmegi bilen bir hatarda mekdepde okuwçylaryň gyzyklanmalaryna laýyklykda bilim berilýär. Ýaşlaryň orta mekdeplerde tehnologik ösüşden yza galmazlygy, döwrebap hünärleri ele almaklary, nazary bilimlerini kämilleşdirmekleri, amaly endiklerini ýokarlandyrmaklary, sanly tehnologiýalary özleşdirmekleri, täze ylmy taglymatlary, öňdebaryjy barlaglary we tehnologik tejribeleri öwrenmekleri üçin döredilýän oňyn şertler olaryň geljekde kesp-kär saýlamak mümkinçiliklerini giňeldýär.

Munuň özi mekdep partasynda okuwça geljekki käri, hünäri seçip almaga hyzmat edýär.Bu guwandyryjy deliller häzirki eşretli zamanamyzda ýaşlar syýasatyna döwlet derejesinde örän jogapkärçilikli we oýlanyşykly çemeleşilýändigini aňladýar.Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň ýaşlar syýasatyny has-da kämilleşdirmek bilen ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, durmuşda we jemgyýetde öz ornuny dogry kesgitläp bilýän nesli kemala getirmekligi biziň her birimiziň öňümizde baş wezipe hökmünde kesgitleýär.

Döwlet tarapyndan ýaşlara dahylly wezipeleri çözmäge oýlanyşykly we düýpli çemeleşilmegi ýaşlaryň Watanymyza bolan buýsanjyna buýsanç, guwanjyna guwanç goşýar.

Güneş BÄŞIMOWA,Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

ПРЕЗИДЕНТ ТУРКМЕНИСТАНА ПРИНЯЛ УЧАСТИЕ В ОТКРЫТИИ НОВЫХ УЧРЕЖДЕНИЙ СФЕРЫ ОБРАЗОВАНИЯ
Türkmenistanda birinji synpa barýan okuwçylaryň sany bir ýylda iki esse azaldy
25-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Lebabyň Saýat etrabynda 2 sany täze mekdep ulanylmaga berildi
1-nji sentýabrda Ahal welaýatynda täze mekdepleriň 5-si açyldy
Türkmenistanyň Prezidenti bilim ulgamynyň wekillerini 1-nji sentýabr mynasybetli gutlady
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine