Täze onkologiýa hassahanalarynyň ýurtda 'köpelýän' düwün keseline garşy göreşmegine bil baglanýar

Täze onkologiýa hassahanalarynyň ýurtda 'köpelýän' düwün keseline garşy göreşmegine bil baglanýar

Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) geçen aý Yslam ösüş bankynyň Türkmenistanda üç sany onkologiýa hassahanasynyň gurluşygyny maliýeleşdirmegi teklip edýändigini habar beripdi. Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmeleri Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda guruljak hassahanalaryň gurluşyk işleriniň “Nahal” hojalyk jemgyýetine berlendigini aýdýarlar.

Şeýle-de, çeşmeleriň öwrenen maglumatlaryna görä, welaýatlarda gurulmagy göz öňünde tutulýan täze onkologiýa hassahanalary 150 hassa niýetlenýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary häzirki wagtda bu üç welaýatda 1960-1970-nji ýyllarda gurlan onkologiýa keselhanalarynyň nqsaglary kabul edýändigini habar berýärler.

Sebitlerde habarçylarymyz bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylar täze hassahanalaryň has köp hassalary kabul etmäge ukybynyň bolmalydygyny aýdýarlar.

“Şol döwürler düwün diagnozy goýulýan adamlar gaty bir köp bolmandyr. Şonuň üçin, 150 orunlyk hassahana ýeterlik hasaplanypdyr. Ýöne häzir ilat köpeldi, her hili keselçilik, şol sanda düwün keseli bilen keselleýän adamlar köpeldi.

Häzirki wagtda 250-300 näsag bir wagtda bejergi alar ýaly hassahanalar gurulsa talabalaýyk bolar” diýip, saglyk pudagyndan habarly bir sebit ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Şol bir wagtda, türkmen mediasyna görä, häzirki wagtda paýtagt Aşgabat şäherinde hem 500 orunlyk Halkara onkologiýa merkeziniň gurluşygy dowam edýär.

Mundan ozal, geçen ýylyň maý aýynda Daşoguz welaýatynda 150 orunlyk onkologiýa hassahanasy açylyp ulanylmaga berildi.

Türkmenistanyň dürli sebitlerinde Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar soňky ýyllarda ilat arasynda, rak, düwün keseliniň köpelýändigini aýdýarlar.

Bu aralykda, günorta koreý neşirlerine görä, Günorta Koreýanyň “Celltrion Healthcare” saglygy saklaýyş we derman senagaty kärhanasy Türkmenistany düwün keseline garşy dermanlary bilen üpjün eder.

Media maglumatlaryna görä, bu kompaniýa Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistanyň düwün keseline garşy dermanlar bilen üpjün edilmegi boýunça yglan eden bäsleşiginde ýeňiş gazanypdyr.

Türkmenistanyň dürli sebitlerinde Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar sebitlerdäki onkologiýa hassahanalarynyň sandan çykandygyny aýdýarlar.

“Onkologiýa hassahanalarynda näsaglara orun ýetmeýär. Hassahanalarda ýatar ýaly ýer bolmansoň, alty gün bejergi berip, galan bejergini öýüňde al diýip, näsagy öýüne ugradýarlar. Çagalary onkologiýa ugrundan bejeriş bölümleri ýok. Çagalardaky düwün keselini anyklamak üçin, ýa-da bejergi almak üçin ene-atalar öz çagalaryny Aşgabat şäherindäki onkologiýa merkezine alyp barmaly bolýarlar” diýip, bir sebit ýaşaýjysy gürrüň berdi.

“Nahal” hojalyk jemgyýetine, mundan ozal, beýleki käbir taslamalar bilen bir hatarda, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki Mugallymçylyk institutynyň täze binasynyň gurluşygy ynanyldy.

Şeýle-de, türkmen metbugatyna görä, oktýabryň aýagynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine “Arçman” şypahanasynyň goşmaça binalar toplumynyň gurluşyk işleri boýunça “Nahal” hojalyk kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Türkmenistanlylar ýurtda lukmançylyk hyzmatlarynyň gymmatlygyndan, olaryň hiliniň pesliginden, enjamlaryň kadaly işlemeýändiginden ýa-da lukmanlaryň olary doly güýjünde işledip bilmeýänliginden, dermanlaryň we medisina serişdeleriniň ýetmezçiliginden, näsaglara ýalňyş diagnoz goýulmagyndan ýyllarboýy şikaýat edip gelýärler.

Ýöne türkmen hökümeti “döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi” barada ýygy-ýygydan tekrarlaýar.

Hökümet muny ýurtda soňky iki onýyllygyň dowamynda millionlarça dollar serişde harçlanyp gurlan lukmançylyk merkezleri we olaryň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze enjamlary bilen üpjün edilendigi bilen delillendirmäge çalyşýar.

Ýurduň saglyk pudagynda dowam edýän nogsanlyklaryň arasynda, Türkmenistanda daşary ýurt döwletlerinde, şol sanda Hindistan, Eýran, Russiýa, Türkiýe we Özbegistan ýaly ýurtlara saglyk syýahatçylygyna çykýan raýatlar köpelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Prezident Arçman şypahanasynda täze Bejeriş merkezini gurmak barada Karara gol çekdi
“Nahal” hojalyk jemgyýeti Arçmanda täze binalar toplumyny gurar
Türkmenistanly mugallymlar Germaniýanyň ösen okuw enjamlaryny öwrendiler
Ysraýylyň Gazadaky harby ýitgileri artýar
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbi tutuldy
22.03.2019 | Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek bag ekmek maksatnamasynyň esasy maksadydyr