Täze Toyota Land Cruiser Prado-nyň çykaryljak senesi belli boldy

Täze Toyota Land Cruiser Prado-nyň çykaryljak senesi belli boldy

Toyota-nyň söwda torundaky öz çeşmelerine salgylanýan Best Car neşiriniň maglumatlaryna görä, eýýäm üstümizdäki ýylyň dekabrynda täze, bäşinji nesliň Toyota Prius-y tanyşdyrylar.

Rowaýata öwrülen gibridiň iki wersiýasy bilen tanyşdyrylar: adaty we zarýad berilýän görnüşleri. 1,8 litrlik benzin bilen işleýän hereketlendiriji öňküligine galar, ýöne kuzowy täze bolar, çekiji akkumulýator batareýasy hem täze - netijeliligi ýokarlandyrylan bolar.

Meger, sygymy hem ulalsa gerek. Şondan birnäçe aý soň, 2023-nji ýylyň aprelinde dördünji nesliň miniwen Toyota Alphard-y peýda bolar.Myş-myşlara görä, onuň uzynlygy öňki kaddynda - 5 metrligine galar, emma oňa derek göwrümi 2,4 we 2,5 litrlik içinden ot alýan hereketlendiriji bilen işleýän iki sany güýçli gurluşy bolar. 2023-nji ýylyň tomsunda bolsa täze Toyota Land Cruiser Prado - awtoulagyň täze nesline garaşylýar.

Täze Prado ramaly bolmagynda galar, brutal bezeg alar (Land Cruiser 300-iň ruhunda diýip göz öňüne getirip bolar) we teker bazasy 2840 mm çenli uzalar. Şonuň hasabyna salon giňär, muny yzda oturjak ýolagçylar hasam gowy duýar.

Ýene degişli makalalar

Toyota bilen Lexus geljek iki ýylda dört sany täze krossower çykarar
''Toyota" täze "Camry 2025" ulagyny tanyşdyrdy
Ýylgyryşlaryň ýurduna syýahat
Şaly meýdanlarynyň paýlanyşygynda 'möhüm şäriklik' ileri tutulýar
Şaly meýdanlarynyň paýlanyşygynda 'möhüm şäriklik' ileri tutulýar
Dünýäde iň meşhur moda brendi belli boldy