Täze ýyl: Türkmenistanda göçme söwda nokatlarynyň 883-si ilata hyzmat edýär

Täze ýyl: Türkmenistanda göçme söwda nokatlarynyň 883-si ilata hyzmat edýär

Türkmenistanda häzirki wagtda Täze ýyl baýramy mynasybetli göçme söwda nokatlarynyň jemi 883 sanysy hereket edýär.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň anna güni habar bermegine görä, Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde şeýle söwda nokatlarynyň 60-sy, Arkadag şäherinde 4-si, ýurduň welaýatlarynda bolsa 819-sy ilata hyzmat edýär.

Habarda bellenilişi ýaly, alyjylaryň isleglerini doly derejede kanagatlandyrýan süýjülik tortlarynyň, üýtgeşik gaplara gaplanan süýjüleriň, şokoladlaryň, kökeleriň, ter gök hem bakja önümleriniň we beýleki azyk önümleriniň bolçulygynda ussat türkmen telekeçileriniň mynasyp goşandy bar.

“Dekabr aýynyň başlaryndan bäri baýramçylyk söwda nokatlarymyzy açyp, alyjylara täze önümlerimizi hödürleýäris. “Merw”, “Nusaý”, “Mäne”, “Jeýtun”, “Ýeňiş”, “Goza”, “Gala”, “Bedew”, “Bürgüt” ýaly brendleriň dürli görnüşli önümleri uly höwes bilen satyn alynýar” diýip, “Altyn asyr” harytşynaslyk merkeziniň baýramçylyk göçme söwda nokadynyň satyjysy Abdyrahman Nazarow aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Jeýtun, Mäne atly täze haryt nyşanly dokma önümleri öndüriler
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanda täze dokma brendleri döredilýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistandaky iki dokma toplumy täze markaly önümleri satuwa çykardy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi