Täze ýyladyşhana açyldy

Gökdepe etrabynda döwrebap ýyladyşhananyň açylyş dabarasy boldy, ol “Üzümçilik” daýhan birleşiginiň çäginde guruldy.Bu waka mynasybetli geçirilen dabara welaýatyň häkimi S.Berdimuhamedow, etrap häkimliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, hormatly ýaşulular, köp sanly oba adamlary gatnaşdylar.“Rysgal ojagy” hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan täze ýyladyşhananyň umumy meýdany 30 gektara deňdir. 10 gektar meýdanda eýýäm pomidor şitilleriniň 212 müňden gowragy oturdyldy.

Bu ýerde esasan tiz ýetişýän, ýokary hasyllylygy we tagamy bilen tapawutlanýan dünýä belli pomidorlaryň görnüşleri ösdürilip ýetişdiriler.Her ýyl ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa, içeri hem-de daşary bazarda uly islege eýe bolan pomidoryň 2800-3000 tonnasyny almak göz öňünde tutulýar.Ýyladyşhana Gollandiýadan, Ispaniýadan, Daniýadan, Türkiýeden satyn alnan döwrebap tehnologik enjamlar bilen üpjün edildi.

Olar şitilhanada kesgitlenen temperatura we ýagtylyk düzgünini, howanyň çyglylygyny awtomatik usulda saklamaga hem-de gözegçilik etmäge, topragy gurplandyrýan maddalar bilen baýlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.Bu kärhananyň işgärleriniň agramly bölegini ýaşlar düzýär.

Häzir bu ýerde ýaş hünärmenleriň 120-ä golaýy iki iş çalşygynda zähmet çekýärler.Olaryň netijeli işlemegi üçin zerur şertler döredildi.Naharhana, dynç almak üçin otaglar göz öňünde tutuldy.Şeýle hem bu ýerde ýene-de bir ýyladyşhananyň düýbi tutuldy.

Ýene degişli makalalar

Döwrebap ýyladyşhana açyldy
Prokuratura barlaglary harby bölümleriň aýbyny açýar’
OGT-2023: Forumyň soňky gününde sylag gowşurylyş dabarasy geçirildi
Türkmen banklarynyň VISA kartlaryny çäklendirmegi studentleri aç goýýar
22.05.2019 | Watanymyzyň sebitlerinde täze binalaryň açylyş dabaralary
Watanymyzyň sebitlerinde täze binalaryň açylyş dabaralary