Täze ýylyň şanyna baýramçylyk dabarasy

Täze ýylyň şanyna baýramçylyk dabarasy

Golaýda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda Gül Zaman medeni dynç alyş merkezinde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabara geçirildi.

Watançy ýürekleri Täze ýylyň baýramçylyk ruhuna beslän bu dabara serkerdeler, borçnama we çagyryş boýunça harby gullukçylar, harby talyplardyr harby okuwçylar gatnaşdylar. Bezemen Täze ýyl arçasy, dürli reňkde öwşün atýan yşyklar bu ýerde özboluşly gözellik döretdi. Watan goragçylaryny bir ýere jemlän dabaranyň dowamynda Aýazbaba we Garpamyk hemmeleri ýetip gelen Täze ýyl baýramçylygy bilen gutladylar.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň Merdana nesiller aýdym-saz toparynyň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Göreldeli harby orkestriniň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby orkestriniň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary baýramçylyk dabarasyny şatlyk-şowhuna besledi.

Şeýle baýramçylyk ruhundan galkynan harby gullukçylar dabaranyň ahyrynda Watan goragçylaryna naýbaşy mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyza alkyşly sözlerini aýtdylar. Watan goragçylarynyň ýürek buýsançlary, alkyşly kelamlary 2024-nji Täze ýylda hem Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde belent sepgitlere ýetiljekdigine berk ynam döredýär.

Täze ýylyňyz düşümli bolsun, merdana Watan goragçylary!

Baýramçylyk dabarasyny şöhlelendirýän suratlary multimedia bölüminden synlap bilersiňiz!

Ýene degişli makalalar

26.10.2017 | Paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde ýurdumyzyň baş baýramynyň hormatyna konsert boldy
Paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde ýurdumyzyň baş baýramynyň hormatyna konsert boldy
27.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy
03.03.2018 | Watan goragçylaryna döwlet sylaglaryny gowşurmak we täze kitabyň neşir edilmegi mynasybetli dabara geçirildi
Ýurdumyzyň sport baradaky syýasatyna bagyşlanan kitabyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi
05.05.2018 | Weteranlaryň edermenligi watansöýüjiligiň beýik mekdebi