
Tailandyň Medeniýet ministrligi Tom Ýam Kung atly milli çorbanyň ÝUNESKO tarapyndan maddy däl dünýä mirasy hökmünde ykrar edilendigini habar berdi. Bu barada Tailandyň habar beriş agentligine salgylanýan Report ýazýar.
Tom Ýam taýlaryň däp bolup gelýän burçly çorbasydyr. Oňa, esasan, galanganyň köki, çili gyzyl burçy we lemongrass goşulýar. Tom sözi suwda gaýnatmak, Ýam işdäaçar diýmegi aňladýar. Bu çorbanyň dürli görnüşi bar. ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen çorba krewetkadan taýýarlanýar.