Taliban 31-nji awgusty Milli dynç alyş güni hökmünde yglan etdi

Taliban 31-nji awgusty Milli dynç alyş güni hökmünde yglan etdi

Talibanyň wagtlaýyn hökümeti tarapyndan berilen beýanatda, Ministrler kabineti tarapyndan kabul edilen kararlar beýan edildi.

Şoňa laýyklykda soňky daşary ýurtly esgerleriň ýurtdan çykan 31-nji awgust gününi Milli dynç alyş güni hökmünde yglan edilendigi habar berildi.

Owganystanyň hökümeti bilen Talibanyň arasynda dowam eden Parahatçylyk gepleşikleriniň netijesiz bolmagy sebäpli 2021-nji ýylyň tomus aýlarynda taraplaryň arasyndaky çaknyşyklar güýçlenipdi, Taliban Owganystandaky şäherleri ýeke-ýekeden gözegçiligi astyna almaga başlapdy.

Şoňa paralel ýagdaýda bolsa NATO-nyň çäginde Owganystanda iş alyp barýan daşary ýurtlar öz esgerlerini ýurtdan çykarmagyny tizleşdiripdi.

Şeýlelik bilen 2001-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda başlan ABŞ-nyň Owganystan basyp alyşlygy, 2021-nji ýylyň 31-nji awgustynda soňky amerikan esgerleriň ýurtdan çykmagy bilen bes edilipdi.

Ýene degişli makalalar

Kabul Yslamabatda guralan hüjümiň Owganystanda meýilleşdirlendigi hakyndaky garaýyşlary ret etdi
Russiýa bilen Owganystan harby hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdi
Pakistanda Polisiýa Ulagyna Hüjüm Guraldy
Owganystanda uniwersitetler gyz talyplar bolmadan açyldy
Pakistanda Bolan Çaknyşykda 3 Esger Ýogaldy
Kabulda Daşary Işler Ministrliginiň Golaýynda Guralan Hüjümde 6 Adam Ýogaldy
Owganystanda Sil Apaty Sebäpli 4 Adam Ýogaldy