Talyban topary Owganystanyň Nimroz welaýatynyň merkezi Zaranj şäherini basyp aldy.
IRNA habarlar gullugynyň Owganystanyň Pejwok habarlar gullugyna salgylanyp beren habaryna görä, Talyban topary Nimroz welaýatynyň merkezine baryp, bu şäheriň türmesiniň derwezesini döwüp ähli tussaglary esasan hem öz tussaglaryny boşatdy.
Emma Owganystanyň demirgazygyndaky Şeberghan welaýatyndan Habar berişlerine görä, Talyban Sheberghan şäherine girip, käbir döwlet edaralaryny ele geçiripdir. Uruş bu şäherde-de dowam edýär we hökümet uçarlary bolsa Talybanyň pozisiýalaryny bombalady.
