Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

29-njy iýulda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň iş sapary bilen Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Wasil Şaýhraziýew bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Duşuşykda medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýan ynsanperwer gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmaga aýratyn üns berildi.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Tatar gyzy” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly guramaçylyk meselelerine seredildi.

Ýene degişli makalalar

RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
Tatarystanyň wekiliýeti dört günlük iş sapary bilen Türkmenistana geldi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň Prezidenti bilen duşuşyk geçirildi
Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Ilçisi Ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy