Tatneft bilen Goturdepe ýatagy babatda Goşmaça ylalaşygy baglaşmak meýilleşdirilýär

Tatneft bilen Goturdepe ýatagy babatda Goşmaça ylalaşygy baglaşmak meýilleşdirilýär

“Türkmennebit” döwlet konserni bilen “Tatneft” jemagat paýdarlar jemgyýetiniň arasynda “Goturdepe” nebit ýatagynda guýularyň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek barada baglaşylan şertnama boýunça Goşmaça ylalaşygy baglaşmak boýunça gepleşikler geçirildi. Bu barada Hökümetiň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Ş.Abdrahmanow hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça görlen çäreleriň netijesinde bu ugurda degişli ylalaşyklar gazanyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

"Tatneftiň" ýolbaşçysy Prezidente Türkmenistandaky täze taslamalar barada maglumat berdi
“Tatneft” Türkmenistanda 300-e golaý guýulary abatlamagy meýilleşdirýär
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly “Tatneft”-iň desgalaryna aýlandy
Goturdepedäki ýataklaryň nebit berijiligini ýokarlandyrmak üçin Tatneft bilen goşmaça ylalaşyk baglaşyldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi