Taýlantdaky myhmanhanalaryň birinde 6 adamyň jesedi tapyldy

Taýlantdaky myhmanhanalaryň birinde 6 adamyň jesedi tapyldy

Taýlandyň paýtagty Bangkok şäheriniň Pathum Wan diýilýän ýerinde ýerleşýän myhmanhanada işgärleriň maglumat bermekleriniň esasynda wakanyň bolan ýerine baran polisiýa işgärleri otaglaryň birinde 6 adamyň jesedini tapdylar.

Geçirilen deslapky derňewleriň netijesinde 6 adamyň zäherlenme sebäpli ýogalandyklary anyklandy.

Taýlandyň Polisiýa gullugynyň şefi myhmanhananyň otagynda arassaçylyk işgärleri tarapyndan öli ýagdaýda tapylan 3 zenan we 3 erkek adamyň Wýetnamyň raýatlarydygyny tassykladylar, jesetlerde hiç hili fiziki zorluklara gabat gelinmändigini beýan etdiler.

Waka bilen bagly derňew işi dowam edýär.

Ýene degişli makalalar