Tbilisi diňi Türkmenistanyň baýdagynyň reňklerinde yşyklandyryldy

Tbilisi diňi Türkmenistanyň baýdagynyň reňklerinde yşyklandyryldy

2024-nji ýylyň 18-nji maýynda beýik türkmen şahyry we akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli, Tbilisi şäher häkimligi Tbilisi telediňini Türkmenistanyň baýdagynyň reňki bilen yşyklandyrdy.

Tbilisi telediňi şäheriň ajaýyp görküni açýan Mtatsminda seýilgähiniň çäginde ýerleşýär. Ol Tbilisiniň nyşanlarynyň biri bolup, ony şäheriň ähli künjeginden diýen ýaly görmek mümkindir.

Tbilisi diňiniň Türkmenistanyň baýdagynyň reňkleri bilen yşyklandyrylmagy, şeýle hem 2024-nji ýylyň 17-nji maýynda Aşgabatda “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de onuň çäklerinde gruzin şahyry Şota Rustaweliniň ýadygärliginiň açylmagy iki ýurduň doganlyk halklarynyň birek-birege bolan hormatyny we dostlugyny ýene bir gezek aýdyň tassyklaýar.

Tbilisi telediňi diňi iki günüň dowamynda Türkmenistanyň baýdagynyň reňkleri bilen yşyklandyrylar.

Ýene degişli makalalar

Gruziýa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belledi
Türkmenistan we Gruziýa bilim ulgamynda bilelikdäki taslamalary taýýarlamagy maslahatlaşdylar
Tbiliside Bütindünýä welosiped güni bellendi
Türkmen wekiliýeti Gruziýada BSG-na agza bolmak tejribesini öwrenýär
Türkmenistan-Gruziýa: Ýokary derejedäki özara saparlary guramak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy
Roberts: Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky täze gaz ylalaşygy Hazarüsti taslamasy üçin oňyn habar