Tbiliside Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni bellenildi

Tbiliside Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni bellenildi

27-nji ýanwarda Tbilisiniň Ýunus Emre adyndaky institutynda Bütindünýä türki diller maşgalasynyň gününe bagyşlanan çäre geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary gatnaşdylar.

ÝUNESKO tarapyndan 15-nji dekabryň Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni diýlip yglan edilmegi maddy däl medeni mirasy gorap saklamaga we dünýädäki dilleriň dürlüligini goldamaga gönükdirilen möhüm ädim bolup durýandygy bellenildi.

Ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow türki dilleri diňe bir aragatnaşyk serişdesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem nesilleriň arasyndaky taryhy pelsepäni we halkyň şygryýetini özünde jemleýän hem-de adamzadyň ruhy ösüşini baýlaşdyrýan janly köprüdigini nygtady.

Ol Bütindünýä türki diller maşgalasynyň gününiň giň gerimli ylmy barlaglaryň geçirilmegine we türki dilleri gorap saklamaga, şeýle hem medeniýetleriň ýakynlaşmagyna we olaryň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmagyna gönükdirilen bütindünýä dialogynyň ösüşine ýardam berjekdigini aýratyn belledi.

Ýene degişli makalalar

Tbiliside Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni bellenildi
Tbiliside Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni bellenildi
Tbiliside täze dokumental filmiň tanyşdyryş dabarasy geçirildi
Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar
Tbiliside türkmen kinosynyň günleri geçirilýär
Gruziýada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny bellendi