Tbiliside Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşine goşýan goşandy bellenildi

Tbiliside Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşine goşýan goşandy bellenildi

2025-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahaty gurady. Çärä türkmen wekiliýeti, Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň, Ýazyjylarynyň döredijilik birleşiginiň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow, Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti, akademik R.Metreweli, Tbilisi döwlet uniwersitetiniň professory I.Kurdadze, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň maliýe kafedrasynyň mugallymy O.Alyýewa, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty P.Mamradze, akademik-sekretar W.Papawa, professor, Gruziýanyň at gazanan žurnalisti B.Naçkebiýa, Gruziýanyň Ýazyjylarynyň döredijilik birleşiginiň ýolbaşçysy M.Gonaşwili çykyş etdi.

Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti R.Metreweli öz çykyşynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan, Milletler Bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirip, ählumumy abadançylygyň we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga anyk goşant goşýandygyny belledi. Şeýle hem çykyşlar edenler öz parahatçylyk gurujylyk, döredijilik mümkinçiliklerini bütin adamzadyň bähbidine gönükdirmäge çalyşýan Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň we köptaraplaýyn işjeň hereketleriniň ähmiýetine ünsi çekdiler.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen, dünýä bileleşiginiň goldamagynda TÜrkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamanyň üçünji gezek biragyzdan kabul edilmeginiň ýurduň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, Türkmenistanyň halkara derejedäki abraýynyň barha artýandygyny nobatdaky gezek görkezýändigi aýratyn nygtaldy.

Maslahatyň dowamynda medeniýet we bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolmagynda galýandygy hem bellenildi. Medeni başlangyçlaryň goldanylmagy, bilelikdäki çäreleriň geçirilmegi we ynsanperwer ugurly özara gatnaşyklaryň berkidilmegi iki ýurduň arasynda ynanyşmagy pugtalandyrmaga hem-de durnukly dialogy ösdürmäge görnetin ýardam edýär.

Çäre türkmen sungat ussatlarynyň konserti we amaly-haşam sungaty eserleriniň, fotosuratlaryň sergisi bilen tamamlandy. Munuň özi myhmanlara Türkmenistanyň baý we köpöwüşginli medeni mirasy bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Çeşme: TDH

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy
ПРЕЗИДЕНТ СЕРДАР БЕРДЫМУХАМЕДОВ ПРИНЯЛ УЧАСТИЕ В НЕФОРМАЛЬНОЙ ВСТРЕЧЕ ГЛАВ ГОСУДАРСТВ СНГ
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy däp bolan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär
B.Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli sergi açyldy
Litwa Russiýanyň Baltika sebitinde ýadro ýaragynyň bardygyny habar berdi