
Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň Stambul şäherindäki wekilhanasynda Türki Döwletleriň Guramasynyň öňki baş sekretary Bagdad Amreýewe halkara işleri ulgamynda bitiren ajaýyp hyzmatlary üçin sylag gowşuryldy. Bu barada Anadolu habarlar gullugy habar berdi.
Amreýewe baýragy gowşuran Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşogly sylagyň ýurduň DIM-i tarapyndan bellenilýän iň ýokary sylagdygyny nygtady.
Ministriň aýtmagyna görä, bu baýrak 1989-njy ýyldan bäri 140 töweregi şahsy we ýuridiki şahslara gowşurylyp, olaryň 12-si soňky 8 ýylda bu baýrak bilen sylaglanypdyr.
Amreýew 2008-2012-nji ýyllar aralygynda Gazagystanyň Ankaradaky ilçisi boldy, Çawuşogly onuň Nahyçewan ylalaşygyna gol çekilmegine hem-de Türki Geňeşiň döredilmegine getiren işlerde möhüm hyzmaty bitirendigini belledi.
Bagdad Amreýew özüniň işine berlen ýokary baha üçin Türkiýäniň DIM-niň başlygyna minnetdarlyk bildirdi.
Ýeri gelende aýtsak, geçen hepdede Samarkant şäherinde geçen guramanyň sammitinde Amreýew Türki maýa goýun gaznasynyň prezidenti wezipesine bellendi.
Bu meniň üçin uly mertebedir. Men türki dünýäde ykdysady we medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda elimden gelenini ederin. Men sizi geljekde Türki maýa goýum gaznasynyň halkara maýa goýum ulgamynda uly abraýa eýe boljakdygyna ynandyrmak isleýärin. Men gaznanyň aýratyn ornunyň bolmagy üçin zähmetimi gaýgyrmaryn diýip, Amreýew nygtady.