TDHÇMB-da çarşenbe güni eksport geleşikleri $24 milliona golaýlady

TDHÇMB-da çarşenbe güni eksport geleşikleri $24 milliona golaýlady

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) çarşenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynyň jemi bahasy 23 million 954 müň ABŞ dollaryndan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.

Owganystanyň, Türkiýäniň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) telekeçileri jemi bahasy 20 million ABŞ dollaryna deň bolan "B" kysymly karbamidi satyn aldylar.

BAE-li işewürler “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen TS-1 kysymly awiakerosini we KO-20 kysymly yşyklandyryjy kerosini satyn aldylar. Geleşikleriniň umumy bahasy 3 million 576 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Şeýle hem Germaniýadan gelen telekeçi jemi bahasy 378 müň ABŞ dollaryna deň bolan SN-350 kysymly başlangyç ýagyny satyn aldy.

Içerki bazar üçin ýerli telekeçiler düz aýna satyn almak üçin geleşik baglaşdylar. Geleşikleriň jemi bahasy 4 million 185 müň manada barabar boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 77 million 668 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Ýene degişli makalalar

TDHÇMB-da anna güni eksport geleşikleri $10 milliona golaýlady
TDHÇMB-da duşenbe güni eksport geleşikleri $27 milliona golaýlady
TDHÇMB: BAE-niň işewürleri $26,95 millionlyk karbamid satyn aldylar
TDHÇMB-da eksport geleşikleri $29,5 milliondan geçdi
TDHÇMB-da eksport geleşikleri $14 milliona golaýlady
TDHÇMB-da eksport geleşikleri $18 milliona golaýlady