TDHÇMB-da duşenbe güni 135 million manatlyk nebit bitumy satyldy

TDHÇMB-da duşenbe güni 135 million manatlyk nebit bitumy satyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe güni geçiren söwdalarynda BND 60/90 kysymly ýol nebit bitumyny satyn almak boýunça umumy bahasy 135 million manada deň bolan geleşikler baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berdi.

Ýerli telekeçiler “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen şepbeşik nebit ýol bitumyny satyn aldylar.

Owganystanyň, Serbiýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa suwuklandyrylan gazy, goýy buýan köküniň ekstraktyny, şeýle hem arassalanmadyk guradylan buýan köklerini we kök baldaklaryny satyn almak boýunça umumy bahasy 1 million 322 müň 825 ABŞ dollaryna deň bolan geleşikleri baglaşdylar.

Duşenbe güni Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi 23 geleşik hasaba alyndy.

Ýene degişli makalalar

TÝL - 2021: şu gün 9-njy tapgyryň duşuşyklary geçiriler
TÝL ― 2021: Köpetdag bäşinji, Merw dördünji deňligini gazandy
Şu gün futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň finalçylary belli bolar
TÝL ― 2021: ertir 11-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy