TDHÇMB-da karbamidiň bahasy 60,7% artdy

TDHÇMB-da karbamidiň bahasy 60,7% artdy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) çarşenbe güni geçirilen söwdalarynda täjigistanly telekeçi “B” görnüşli karbamidiň 5 müň tonnasyny satyn aldy. Bu harydyň bahasy ozalky söwdalar bilen deňeşdirilende 60,7% ýokarlandy.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Marykarbamid” zawodynda öndürilen karbamidiň bir tonnasy 455 ABŞ dollaryndan satyldy. Karbamidiň eksporty boýunça geleşigiň umumy bahasy 2,2 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada TDHÇMB penşenbe güni mälim etdi.

Şeýle hem, türkiýeli işewür dürli görnüşli nah ýüplükleriň 90,3 müň kilogramyny satyn aldy. Geleşigiň umumy bahasy 307,02 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

TDHÇMB-nyň çarşenbe güni geçirilen söwdalarynda 2,5 million ABŞ dollarlyk geleşik baglaşyldy.

TDHÇMB-nyň sişenbe güni geçirilen söwdalarynda owganystanly telekeçi “Polimer Gap” hojalyk jemgyýetiniň öndüren mineral dökünleriniň 110 tonnasyny satyn aldy. Bu önümiň bir tonnasynyň bahasy 435 ABŞ dollaryna deň boldy.

Ýene degişli makalalar

Balkan welaýatynda iri desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralary geçirildi
HIMIÝA ÖNÜMÇILINIŇ ÇIG MAL ÜPJÜNÇILIGI BERKIDILÝÄR
INNOWASION ÖSÜŞLER ‑ YKDYSADY ÜSTÜNLIKLERIň BINÝADY
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Özbegistanly telekeçi 5 müň tonna türkmen karbamidini satyn aldy