TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 102 müň dollaryndan gowrak boldy

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 102 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berdi.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Pakistanyň, Owganystanyň, Maltanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy, az kükürtli ýangyç mazudyny, suwuklandyrylan gazy, şeýle hem Türkmenhimiýa döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Germaniýanyň telekeçilerine nah ýüplük, buýan köki ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 102 müň dollaryndan gowrak boldy.

Türkmenistanyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 19 million 681 müň manatdan gowrak bolan polipropileni, nebit ýol bitumyny we garylan parafin galyndysyny (Türkmennebit döwlet konserni), şeýle hem el halylaryny, nah ýüplük, buýan kökli çaý içgisini satyn aldylar.

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy
Birža söwdalarynda sişenbe güni eksport geleşikleri $28 milliondan geçdi
65 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy
TDHÇMB-da sişenbe güni eksport geleşikleri $38,2 milliondan geçdi
Söwda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 77 million 23 müň dollaryndan gowrak boldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda nebit-himiýa önümlerine uly isleg bildirildi