TDHÇMB Türkiýäniň haryt biržasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär

TDHÇMB Türkiýäniň haryt biržasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) wekiliýeti 2026-njy ýylyň 2223-nji iýulynda Türkiýäniň haryt biržasy (TÜRİB) bilen iş duşuşyklaryny geçirmek üçin iş sapary bilen Ankara şäherine bardy. Bu barada TÜRİB özüniň resmi X sosial sahypasynda habar berdi.

Maksatnamanyň çäklerinde iki ýurduň biržalarynyň wekilleri ygtyýarlandyrylan ammarlarda önümleri saklamak ulgamy, elektron ammar resminamalar bazary (ELÜS), ygtyýarly klassifikatorlaryň iş ýörelgesi, TÜRİS ulgamynyň ulanylyşy hem-de oba hojalyk önümleriniň haryt bazarlarynyň işi boýunça maglumat we tejribe alyşarlar.

Türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygynyň orunbasary Ýusup Amansaryýew we Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň Hukuk üpjünçiligi we kadrlar müdirliginiň başlygynyň orunbasary Azat Jelilow girýär.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy bilen Türkiýäniň haryt biržasynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem haryt bazarlarynyň gurluşy we iş ýörelgeleri bilen tanyşmak boýunça duşuşyklar geçiriler.

Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti Polatly haryt biržasynyň işi, barlaghana hyzmatlary hem-de ygtyýarlandyrylan ammar desgalary bilen tanyşar.

Ýene degişli makalalar

TDHÇMB-niň wekiliýeti Türkiyäniň Polatly haryt biržasynyň işi bilen tanyşdy
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Ykdysadyýetiň esaslary dersi boýunça olimpiada geçirildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda