Tebigy B12 witamini we onuň adam saglygyna täsirleri

Tebigy B12 witamini we onuň adam saglygyna täsirleri

Gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Tebigy B12 witamini we onuň adam saglygyna täsirleri hakynda söhbet etmekçi.

B12 witamini içegelerdäki bakteriýalar tarapyndan işlenip çykarylýar. Şol witaminiň içgelerimiz tarapyndan siňdirilmegi üçin sagdyn içege ulgamynyň hem-de içegelere peýdaly bakteriýalaryň sanynyň ýeterlik mukdarda bolmagy gerek.

B12 witamininiň azlygy nämelere sebäp bolýar?

B12 witamininiň azlygy ýöreýiş kadasyzlygyna, ysgynsyzlyga, dem alyş kadasyzlygyna, hroniki ýadawlyga, depressiýa, siňdiriş kadasyzlygyna, baş aýlanmasyna, bagyryň ulalmagyna, gözüň kütelmegine, kelle agyrysyna, dil infeksiýasyna, deňagramlylygyň ýitirilmegine, oňurga agyrysyna, kubuzlyga, horlanma sebäp bolýar.

Tebigy B12 witaminini haýsy önümlerde bar?

Esasan maldarçylyk önümlerde bar. İň ýokary hili B12 çeşmelerimiz;

Süýt we süýt önümleri: Süýt, gatyk, kefir ýa-da peýnir ýaly süýt önümlerinde ýokary mukdarda belok, witamin we mineral bardyr. 240 ml.ýagly süýt bir günlük B12 mukdarynyň 18 göterimini kanagatlandyrýar.

Ýagly gatygyň düzüminde-de B12 witamini ýokary mukdarda bar. Ylmy-barlaglar süýt we süýt önümlerinden alynýan B12 witaminiň siňdirilişiniň dilimlenen etden, balykdan ýa-da ýumurtgadan alynýanyndan has ýenildigini görkezýär.

Bakja önümleri: Merjimek, şugundyr, brokoli, ysmanak, barbun, garoh, ter fasol, petruşka. Soýa, badam we tüwi süýdi ýokary mukdarda B12 witaminine baý bolmasa hem, goşmaça azyk hökmünde witamin düzümi ýokarlandyrylýar.

Kömelekler: Esasanda maldarçylyk önümlerinde ýokary mukdarda bar bolan B12 witamini ösümliklerde diňe kömelegiň düzüminde bar. Günüň dowamynda bir tabak kömelek iýmek bir adama gerek bolan B12 witamini üçin ýeterlikdir.

Ýumurtga: Towuk, gaz we ördek ýumurtgalary. İki uly ýumurtda adama gerek bolan günlük B12 witamininiň 22 göterimini, B2 witaminiň bolsa 28 göterimini kanagatlandyrýar.

Bagyr we böwrek: Göle, guzy, goýun, esasanda guzy bagyry B12 witamine baýdyr.

Balyk: B12 witamine baý balyklardan skumbriýa, gyzylbalyk, lufar, forel balyklaryny agzap geçmek ýerlikli bolar. Olary aýratynam omega 3 taýdan hem baýdyr.

Gyzylbalygyň esasanda derisiniň aşagyndaky myşsalarynda ýokary mukdarda B12 witamini bar. 100 gram täze gyzylbalyk günlük B12 witani isleginiň 160 göterimini kanagatlandyrýar.

Mal eti: Esasanda sygyr we gyzy etiniň düzüminde ýokary mukdarda B12 witani bar. 186 gram ýagsyz biftek günlük B12 witani isleginiň iki esessisini kanagatlandyrýar.

Imişler: Çig hoz, funduk we badam

Ak kelem bejergisi:

B12 witamini diňe bir maldarçylyk önümlerinde bolýar. Emma ak kelem fermantasiýasy netijesinde B12 witamini taýdan baý, turşumtyl tagamly ferment-kelem emele gelýär.

Kelem bejergisi

Bir sany orta ululykda ak kelemi dogramaly. Soň duz we tmin goşup, gowuşa garmamaly. Garyp bolandan soň arassa banka salmaly. Gowuja basyp, soň üstüne agram bermegi üçin arassa daş goýmaly. Bankanyň agzyny arassa mata we rezin bilen gowuja ýapmaly. Gün düşmeýän ýerde azyndan 4-10 gün arasynda saklandan soň noş bilen iýip bilersiňiz.

Bellik: Zobdan biynjalyk bolan adamlar derman ulanýan hem bolsa, kelem bejergisinden çetde durmaly.

Ýene degişli makalalar

Guýruk nerwi agyrysy we onuň bejergisi
Gubuzlyk üçin tebigy çözgüt teklipleri
Guýruk nerwi agyrysy we onuň bejergisi
Süýtli kofe gara kofeden peýdaly diýlip ykrar edildi
Içgeçme we iýmitlenme…
Aşgabatda gök önümler gymmatlaýar