Tebigy materiallardan teker öndürer

Teker önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan “Continental” innowatiw tehnologiýa aýratyn üns berýär. Kompaniýa daşky gurşaw üçin zyýansyz materiallardan öndürilen tekerini tanyşdyrdy. “Conti Urban” atly önüm elektrik energiýasy bilen işleýän ýolagçy we ýük ulaglarynda ulanylar.

Ýewropanyň awtoulag öndürijileri jemgyýetiniň (ACEA) maglumatlaryna görä, Ýewropa Bileleşiginde ýol hereketine goşulan elektroulaglaryň sany geçen ýyl artyşyny dowam etdirip, ähli ulaglaryň 10,6 göterimini emele getirdi.Degişli döwürde elektrik energiýasy bilen işleýän awtoulaglar, täze hasaba alnan awtobuslaryň 30 göteriminden gowragyny emele getirdi.

Bu bolsa, satylan her üç awtoulagdan biriniň elektrik energiýasy bilen işleýändigini görkezýär. 2021-2025-nji ýyllar aralygynda elektroulagyň artyşy her ýylda 35 göterim artmagyny dowam etdirer.

“Continental”-yň işläp taýýarlan tekeriniň 50 göterimini gaýtadan dikeldilýän çig mallardan öndürilipdir. “Conti Urban” tekeri gara ýollarynda ulanmak üçin degişli ygtyýarnamany alypdyr. Geljekde kompaniýa önümlerini dolulygyna daşky gurşawa zyýansyz materiallardan öndürer.

“Conti Urban” tekeriniň ýola degýän bölegi kolza ýagynyň hem-de şalynyň gabygynyň külünden alnan materialdan edilipdir. Bu çig mal tebigy kauçuk ýaly häsiýete eýe. Tekeriň daşy dolulygyna tebigy materiallar bilen örtülipdir. Germaniýanyň Gannower şäherindäki desgada tekerleri öndürmek üçin ulanyşdan galan polatdan we beýleki materiallardan peýdalanylýar.

Gurbanmyrat Çowdyrow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby

Ýene degişli makalalar

Türkmen talyplary Kazan şäherinde geçirilen Tomusky uniwersitet taslamasyna gatnaşdylar
Halkara maslahat geçirildi
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň dünýä energiýa ulgamyndaky orny ýokarlanýar
Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2020 Halkara ýuniley forumy öz işine baslady
Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2020 Halkara ýubileý forumy öz işine başlady
TÜRKMENISTANYŇ NEBITI WE GAZY - 2020 HALKARA ÝUBILEÝ FORUMY ÖZ IŞINE BAŞLADY