Tehnologiýa täzelikleri gysga setirlerde…

Hytaý “Long March” atly raketa bilen “Chang’e-4” atly emeli hemrany uçurdy. “Chang’e 4” Aýyň garaňky tarapyny öwrener. Häzire çenli Ýeriň hemrasynyň garaňky tarapyna hiç hili enjam uçurylmandy. Aýyň Ýeriň daşyndan aýlanýandygy we Ýeriň öz okunyň daşyndan aýlanýandygy sebäpli bize diňe onuň bir tarapy görünýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) maglumatlaryna görä, gazylyp alynýan ýangyçlaryň sarp edilişiniň azalmagy birnäçe keselleriň öňüni almaga ýardam eder. Guramanyň ýolbaşçysy Maria Neira ýüze çykýan näsaglyklar bilen ýangyjyň sarp edilişiniň arasyndaky baglanyşygyň göz öňünde tutulmagy, energiýanyň arassa çeşmelerinden has köp peýdalanmagyna täsir edip biljekdigini belleýär.

“Carbon Tracker” atly maslahat beriş kompaniýasynyň ýaýradan maglumatynda dünýäde kömür bilen işleýän 6 müň 685 ýylylyk bekedi bolup, olaryň 42 göteriminiň girdeji getirmeýändigi bellenilýär. 2040-njy ýyla çenli bu görkezijiniň 72 göterime ýetmegine garaşylýar.

Bu beketler ýangyjyň bahasynyň gymmatlamagy, daşky gurşaw baradaky berk düzgünleriň güýje girizilmegi sebäpli, alternatiw çeşmelerden energiýa alýan täze beketler bilen bäsdeşlik etmekden yzda galýar.

“Mercedes-Benz” awtoulaglaryny öndürýän “Daimler” kompaniýasy elektroulag batareýalaryny öndürýän şereketler bilen birnäçe şertnama baglaşdy. Şeýlelikde, kompaniýa geljekde öndürjek elektroulaglarynyň batareýalaryny özi öndürer. Häzirki wagtda elektrokarlaryň batareýalaryny, esasan, hytaý şereketleri öndürýär.

Ýene degişli makalalar

Hytaýly kosmonawtlar kosmosa gitdi
Täjirçilik maksatly 9 emeli hemrasyny uçurdy
Adamly kosmos bekediniň ilkinji bölegini uçurydy
Hytaý raketasynyň galyndylary Hindi ummanyna gaçdy
Hytaý kosmonawtlary uçuryldy
Ýeri asteroidden halas edýän taslama
Hytaý uzakdan duýgur emeli hemralary uçurdy