
Ahal welaýatynyň Tejen otly menzilinde ýolagçylara somsa we gutap ýaly taýýar iýmit önümlerini satýan ýerli ýaşaýjylar polisiýa işgärleri tarapyndan nyşana alynýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary sebitden maglumat berdi.
“Biz öňden bäri otly menzillerinde azyk önümlerini satyp güzeran aýlaýardyk. Ýöne soňky wagtlarda bir ýerlerden polisiýa işgärleri peýda bolup başlady. Olar bizi bikanun köçe söwdasynda’ aýyplap, kowalap başlaýar. Olar biziň öýde bişiren naharlarymyzy almakçy bolýar” diýip, Tejeniň otly menzilinde azyk söwdasy bilen meşgullanýan ýerli ýaşaýjy aýdýar.
Olar taýýar naharlardan başga düýe çaly, şireli suwlar, şerbetler, kofe, çörek we bulka ýaly iýmit önümlerini hem ýolagçylara hödürleýändiklerini aýdýarlar.
“Biz döwletiň gadagan eden zatlary satmaýarys. Ýöne polisiýa bizi arkaýyn bir ýerde oturtmaýar, gizlenip, bukulyp harytlarymyzy satmaly bolýarys” diýip, ýerli söwdagärler aýdýar.
Tejen we Duşak otly stansiýalary ozaldan bäri ilat arasynda welaýatyň üstünden geçýän otlulardaky ýolagçylaryň uzak ýola arakesme berip, az-owlak garbanýan stansiýalary hökmünde tanalýardy.Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynyň arasynda gatnaýan ýolagçy otlulary Tejen şäheriniň hem-de Duşak şäherçesiniň otly menzillerinde ýola arakesme berýär. Şonda käbir ýolagçylar otlulardan inip, ýerli ýaşaýjylaryň hödürleýän taýýar iýgi-içgilerinden satyn alýarlar.
Bu menzillerde ýaş ýetginjekler, aýallar we erkek adamlar öýlerde bişirilen somsalary, fitçileri, gutaplary ýa-da iýmesi aňsat beýleki naharlary ýolagçylara hödürleýär.Bu ýagdaý, hem ýolagçylaryň ýürekse edinmegine, hem-de ýerli ýaşaýjylaryň biraz girdeji gazanmagyna ýardam berýärdi. Ýöne soňky wagtlarda bu söwda polisiýa işgärleri tarapyndan nyşana alnyp başlandy.
Bu stansiýalaryň üstünden geçýän Aşgabat Türkmenabat, Aşgabat Amyderýa otlularynda ýolagçylar 13 sagatdan 17 sagada çenli otluda bolmaly bolýarlar. Mary welaýatyna barýan ýolagçylar hem bu stansiýalaryň üstünden geçýär.
Bu ugurlar boýunça gatnaýan ýolagçylaryň umumy sany barada maglumat berilmeýär, ýöne “Demirýollary” kompaniýasynyň web sahypasyna görä, bu kompaniýa her ýylda 6 million çemesi ýolagça hyzmat edýär. Şeýle bolanda her ýylda millionlarça ýolagçynyň Tejen we Duşak stansiýalarynyň üstünden geçýändigini çaklamaga esas bar. Otluda gatnaýan her bir ýolagçy Tejen we Duşak otly stansiýalarynda satylýan somsalaryň we gutaplaryň potensial müşderisi bolup durýar.
Ýöne ýerli azyk söwdasy polisiýa gadaganlygyna sezewar bolýar.
'Polisiýa para soraýar'“Olar bizden azyk söwdasyny dowam etdirip bilmegimiz üçin, 50 manat möçberinde para soraýarlar” diýip, beýleki bir somsa satyjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.
“Biziň gündelik gazanýan girdejimiz 50 manada ýetmeýär, her günde 30-40 manat pul düşýär. Bu pullara-da hojalyga zerur iýmit önümlerini satyn alýarys” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.
Polisiýa işgärleri otly menzillerinde azyk söwdagärlerine garşy güýçlendirýän çäreleri barada düşündiriş bermeýär. Azatlyk bu barda ýerli polisiýa edaralaryndan resmi teswir alyp bilmeýär.
Galyberse-de, öýlerde bişirilip, ýolagçylara hödürlenýän azyk önümleriniň hili barada ýolagçylardan nähilidir bir şikaýatlaryň gowşup-gowuşmandygy hem mälim däl.
“Demirýollary” kompaniýasyna görä, ýolagçy otlularyndaky VIP bölümlerde ýolagçylara agşamlyk naharlar hödürlenýär.
“VIP ýolagçylara täk günlerde towuk sote we tüwi, jübüt günlerde et sote we greçka hödürlenýär” diýip, kompaniýa aýdýar.
Ýöne duşakly ýa-da tejenli ýaşaýjylaryň somsadyr, gutaplary indi ençeme ýyllardan bäri, bu sebitleriň üstünden geçýän ýolagçylaryň arasyndan hyrydar tapyp gelýär.
Öňki ýyllarda Azatlyk Radiosynyň web sahypasynda Duşak stansiýasyndaky “ykjam garbanyşhanalar” barada foto galereýa hem çap edilipdi. Şonda ýerli ýaşaýjylar bu stansiýany “garbanyşhana” atlandyrypdy.
Ýolagçy otlulary beýleki stansiýalarda 3-5 minut saklansa, bu menzilde 15 minutdan gowrak saklanýar. Bu hem ýolagçylara garbak-gurbak edinmäge, çaý-çörek edinmäge mümkinçilik berýär diýip, ýolagçylar aýdýar.
Ýöne soňky habarlar, polisiýa işgärleriniň ýerli söwdagärleri nyşana alyp başlamagy, bu menzilde öňden bäri dowam edip gelýän ýol däplerini synaga salýar.
“Olar para soraýarlar. Bizde olara berer ýaly, 1 manat hem artykmaç pul ýok” diýip, öýünde gutap bişirip, otly menzilinde ýolagçylara satýan tejenli ýaşaýjy aýdýar.
“Biz Duşak şäherçesindäki otly menzilinde kän azar bermeýärler diýip eşitdik. Belki, Duşaga geçeris” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu maglumatlaryň fonunda Kaka etrabynyň Duşak şäherçesindäki otly menziline baryp, bu ýerde iýmit söwdasynyň alnyp barlyşy bilen hem tanyş boldular.
Bu şäherçeden gelip gowuşýan maglumatlarda bu ýerdäki otly stansiýalarynda durmuş öňküsi ýaly dowam edýär, ýerli söwdagärler polisiýa basyşlaryny agzamaýar.
Duşak stansiýasynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli söwdagärler özleriniň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň, güzeran şertleriniň agyrlaşmagy barada gürrüň berdiler.
“Şäherçede ýiti işsizlik höküm sürýär. Ilatyň güzeran şertleri agyrlaşýar. Ekin meýdanlary şorlaşýar, daýhanlar girdejili hasyl alyp bilmeýär. Ekerançylyk suwlary ýetmezçilik edýär” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak şäherçesi paýtagt Aşgabatdan 160 kilometr çemesi günorta-gündogarda ýerleşýär. Duşak bilen Tejeniň arasy 50 kilometr çemesi bolup, bu sebitlerde ilat esasan oba hojalygy, ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanýar.
Duşakly ýaşaýjylar ýurduň tebigy baýlyklaryndan gelýän girdejileriň ählisiniň diňe paýtagta sarp edilýändigini, Aşgabatdan näçe daşlaşsaň, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň şonça-da kynlaşýandygyny, özleriniň otly menzillerinde somsa we gutap satyp güzeran aýlamaga çalyşýandyklaryny aýdýarlar.
“Merkezde oturan adamlar welaýatlardaky ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna üns bermeýärler. Şonuň üçin, ýetim oglan öz göbegini özi keser’ diýilşi ýaly, sebitlerde ilat öz garamatyny öz üstüne alýar” diýip, duşakly ýaşaýjylar aýdýar.
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2016-njy ýylda ilkinji gezek Duşak saýlaw okrugyndan türkmen parlamentine deputat saýlanypdy. Ol Türkmenistanyň syýasat sahnasynda öňe saýlanyp başlan irki ýyllarynda, 2017-nji ýylda bu sebitde bir saglyk merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşypdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.