Tejenli daýhanlar 44 müň 300 gektar meýdana ekilen bugdaýa ideg edýärler

Tejenli daýhanlar 44 müň 300 gektar meýdana ekilen bugdaýa ideg edýärler

Tejen etrabynyň gallaçy daýhanlary häzirki günlerde güýzlük däne ekilen meýdanlardaky maýsalaryň idegini birkemsiz ýerine ýetirýärler.Olar etrap boýunça 44 müň 300 gektar meýdanda geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük dänäniň Bagrat, Kalim, Batko görnüşlerini ýetişdirýärler.

Daýhanlar bol hasyl almak üçin kadaly gögeriş gazanylan meýdanlara ösüş suwuny tutmak we beýleki işleri agrotehnikanyň kadalary esasynda alyp barýarlar.Degişli oba hojalyk tehnikalarydyr gurallarynyň we serişdeleriniň üpjünçiliginiň ýokary derejede bolmagy ideg işleriniň wagtynda we ýokary hilli berjaý edilmegine şert döredýär.

Ekine birinji ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işlerinde etrabyň Däneçilik, Agalaň, Tejen daýhan birleşikleriniň gallaçy kärendeçileri aýratyn yhlaslylyk görkezýärler. Agzalan daýhan birleşikleriniň ekerançylyk meýdanlarynda ekiniň kadaly gögermegi we sagdyn ösmegi üçin miraplardyr hünärmenler, mehanizatorlar hem yhlasyny gaýgyrmaýarlar.

Ýene degişli makalalar

21.06.2019 | Gallaçylaryň yhlasly zähmeti bilen orak möwsüminiň depgini artýar
Gallaçylaryň yhlasly zähmeti bilen orak möwsüminiň depgini artýar
25.06.2019 | Ahal welaýatynyň ekerançylary galla taýýarlamak boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirdiler
Ahal welaýatynyň ekerançylary galla taýýarlamak boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirdiler
Lebap, Mary sebitlerinde ýeralma hasyly pes boldy, daýhanlar şertlerden zeýrenýär
Türkmenistan we Belarus diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyny belleýärler