Tekirdag Haýrabolu süýjüligi

Tekirdag Haýrabolu süýjüligi

Türkiyäniň Marmara deňizine kenary bolan welaýatlardan Tekirdag welaýatynyň Haýrabolu etrabyndan adyny alyp gaýdýan Haýrabolu süýjüligi düzüminde peýnir we şerbet bolan süýjülikleriň biridir.Haýrabolu etrabynyň häkimliginiň ýüz tutmagy netijesinde 2021-nji ýylda Türkiyäniň Geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşulan Haýrabolu süýjüliginiň taýarlanyş tapgyrynda ilki bilen süýjülige mahsus peýnir taýarlanýar.

Sebitiň öri meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen mallaryň çig süýdünden taýýarlanan peýnir, et üweýjisinde ownuk böleklere bölünýär.Peýnir ownuk böleklere bölüneninden soň, uly gaba ýumurtga, mannyý ýarmasy, un we soda goşup, gowy edip ýugrulýar.

Alnan hamyr garaşdyrylman ýarym şar görnüşde kesilýär, mejmä ýerleşdirilýär, 330 gradus gyzgynlykda 15 minut bişirilýär we soňra otag temperaturasynda sowatmak üçin goýulýar.Sowadylan süýji hamyr üçin suw, şeker we limon garyndysyndan ýasalan şerbet taýýarlanýar.

Süýjülik we şerbet bir wagtyň özünde gaýnadylýar.Ussatlygy talap edýän bu tapgyrda, bişirilen hamyr süýjüligiň içiniň we tutuş ýüzüniň şerbetlenmegi üçin wagtal-wagtal öwrülýär.Süýjülik şerbedi gowy siňdireninden soň, aýratyn tabaga goýulýar we sowatmak üçin galdyrylýar.

Ondan soň saçaga goýulýan Haýrabolu süýjüliginiň üstüne islege laýyklykda hoz, funduk, tahini we gaýmak goýup bolýar.Guradylan görnüşde hem satylýan Haýraboly süýjüligi 8 aý möhlet bilen gorap saklap bolýar. Şerbet dökülen süýjüligiň bolsa iň giýç 10 günüň içinde sarp edilmegi hökmany.

Ýene degişli makalalar

Ten söwdasynda tutulan türkmenistanly zenanlar SPID we sifilis keselli çykdy
Türkiýede ýene bir türkmen zenany ten söwdasynda tutuldy
Bodrumda ýene bir türkmen zenany ýaranlary bilen ten söwdasynda tutuldy
Ten we adam söwdasynda güman edilýän türkmen zenany ýaranlary bilen sud edildi
Baýraktar TB3-iň Synag Etaby Dowam Edýär
Baýraktar TB3 SİHA 26-njy Uçuşyny Üstünlikli Ýagdaýda Tamamlady