Telefon arkaly söhbetdeşlik

Telefon arkaly söhbetdeşlik

Düýn 8-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyny şanly ýubileýi we Russiýa Federasiýasynyň Zähmet gahrymany adynyň dakylmagy mynasybetli gutlady.

Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, Russiýa Türkmenistan üçin hemişe ýakyn goňşy, dostlukly ýurt, strategik hyzmatdaş bolmagynda galýar.

Iki döwletiň halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edaralarynyň ýolbaşçylary dürli ugurlar boýunça döwletara dialogy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyna aýratyn üns çekdiler. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda energetika, söwda, ulag, oba hojalygy ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze derejä eýe bolýandygy nygtaldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenkonyň türkmen halkynyň öňden gelýän dosty we Aşgabat şäheriniň hormatly raýatydygyny aýdyp, Türkmenistana hemişe dostlukly, ynanyşykly gatnaşygy üçin Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygyna ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ FEDERAL ÝYGNAGYNYŇ FEDERASIÝA GEŇEŞINIŇ BAŞLYGYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenkony gutlady
Mähirli gutlag
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy gutlady
9-njy aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal