ТЕЛЕФОННЫЙ РАЗГОВОР МЕЖДУ НАЦИОНАЛЬНЫМ ЛИДЕРОМ ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА, ПРЕДСЕДАТЕЛЕМ ХАЛК МАСЛАХАТЫ ТУРКМЕНИСТАНА И ПРЕЗИДЕНТОМ ТУРЕЦКОЙ РЕСПУБЛИКИ

ТЕЛЕФОННЫЙ РАЗГОВОР МЕЖДУ НАЦИОНАЛЬНЫМ ЛИДЕРОМ ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА, ПРЕДСЕДАТЕЛЕМ ХАЛК МАСЛАХАТЫ ТУРКМЕНИСТАНА И ПРЕЗИДЕНТОМ ТУРЕЦКОЙ РЕСПУБЛИКИ

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanylan Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylan Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen mähirli salamlaşyp, ony türk halkynyň durmuşyndaky iň taryhy gün, demokratiýa eradasy esasynda gazanan syýasy üstünligi we ýeňşi mynasybetli türkmen halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan we maşgalasynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady.

Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanylan Prezidenti gutlaglar üçin hoşallyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça netijeli çäreleri mundan beýläk-de durmuşa geçirjekdigini, ýola goýlan döwletara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen başlangyçlary we tagallalary goldajakdygyny aýtdy.

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň okgunly häsiýeti kanagatlanma bilen bellenildi hem-de birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak, uzak möhletleýinlik we ysnyşykly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan köpugurly gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşyldy.

Söhbetdeşler iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge berk ygrarlydygyny tassyklap, ynanyşmaga, birek-birege hormat goýmaga, şeýle-de özara düşünişmäge esaslanýan gatnaşyklaryň ähli ulgamlarda köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa mundan beýläk-de öňegidişlik hem-de gülläp ösüş arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Ärdogan Bagdatda Yragyň Prezidenti bilen duşuşdy
Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Oraza baýramy bilen gutladylar
Türkmenistanda Mukaddes Oraza baýramy bellenilýär
Telefon arkaly söhbetdeşlik
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Gurbanguly Berdimuhameow Türkiýäniň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýäniň Prezidenti ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny maslahatlaşdylar