Telegramda el yzy bilen şahsyýeti tassyklaýan funksiýa dörediler

Telegramda el yzy bilen şahsyýeti tassyklaýan funksiýa dörediler

Telegram messenjerinde täze funksiýa — ulanyjynyň el yzy bilen şahsyýetini tassyklaýan mümkinçilik dörediler.

TON blokçeýnini goldaýan merkezleşdirilmedik TON Society jemgyýeti bu funksiýanyň barlag synagyna gatnaşjak ulanyjylar üçin 6,5 million amerikan dollaryny bölüp berer.

HumanCode tehnologiýasy goşmaça hiç hili enjamy ulanmazdan, smartfon arkaly öz şahsyýetiňi tassyklamaga doly mümkinçilik berýär.

Bu taslamanyň maksady — geljekki bäş ýylda 500 million Telegram ulanyjysynyň ygtybarly sanly identifikasiýany hasaba almak bolup durýar.

Täze tehnologiýa airdroplar ýa-da tranzaksiýalar ýaly şahsyýeti anyklamak bilen baglanyşykly amallar üçin peýdaly bolar. Bu barada TON-a salgylanyp, Ferra.ru web saýty habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Betmeniň režissýory HBO Max bilen köp bölümli film döretmäge gatnaşar
Ýewropa Parlamentiniň deputatlary Hursanaý Ismatullaýewanyň tutulmagyna aladasyny bildirýärler
Ýewropa parlamentiniň agzalary Türkmenistanda lukman Ismatullaýewanyň tussag edilmegine çuňňur alada beýan etdi
Genetikler Leonardo da Winçiniň nesil daragtyny dikeltdiler
HRW Gazagystany hökümet tankytçylarynyň barha köp nyşana alynmagy boýunça tankyt etdi
Human Rights Watch, Guterresiň Ýemenli çagalar baradaky hasabatyny tankytlady