Temmäki önümleriniň adam bedenine zyýanly täsiri

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 20222025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy hereketde

Sagdyn durmuş ýörelgesi häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biridir.Zyýanly endikleriň biri bolan, düzüminde temmäki saklaýan serişdeleri çekmeklige garşy guramaçylykly göreş çäreleriniň jemgyýetiň sagdynlaşmagy üçin möhüm ähmiýeti bardyr.

Ilatymyzyň saglygyny goramak üçin, ilkinji nobatda, ýaş nesli ýaramaz endiklerden goramak gerek. Çünki ýaşlyk döwründe dürli sebäpler bilen ýüze çykýan bu endikler, soňlugy bilen ynsanyň erkini elinden alyp, onuň saglygyna düýpli zyýan ýetirýär.

Çilim çekýän adam temmäkiniň tüssesi bilen bilelikde nikotini, sinol turşusyny, bogujy gazlary, benzopirini, poloniý we şoňa meňzeş radioaktiw elementleriň kirşenini öz içine dartýar. Çilim çekilende bu maddalaryň 25 göterimi ýanýar, 50 göterimi tüsse görnüşinde daşky gurşawa ýaýraýar, 5 göterimi çilimiň galyndysynda galýar, 20 göterimi bolsa öýkeniň üsti bilen adamyň bedenine düşýär we ony zäherleýär. Çilimiň tüssesi adam bedenine zäherleýji täsir edýär:

Çilim çekýän adamlaryň aglabasy dowamly bronhit bilen keselleýär. Öýkeniň howply täzedöreme kesellerine ýolugýan hassalaryň agramly bölegi çilimkeşlerdir.

Çilim çekýän adamlarda miokardyň infarkty, gipertoniýa, stenokardiýa, miokardiodistrofiýa çilim çekmeýän adamlar bilen deňeşdirilende 8 göterim köp duşýar. Çilimkeşleriň köpüsi endoarteritden ejir çekýär.

Çilim çekýänleriň arasynda kariýes (diş çüýremesi), gastrit (aşgazanyň nemli bardasynyň gaýnaglamasy), aşgazanyň we oniki barmak içegäniň başly (ýara) keselleri köp duş gelýär. Çilimkeşleriň 4 göterimi bagyr sirrozyna duçar bolýar.

Çilim çekýän adamlaryň köpüsiniň göreji ir kütelýär, eşidiş, tagamy duýuş we ys alyş ukyby görnetin peselýär. Çilimkeşleriň çagalarynyň arasynda dogabitdi näsazlyklar, dürli kemislikler bilen dogulýanlary hem duş gelýär.

Öýde, iş ýerinde, köpçülik ýerlerinde çilim çekýän çilimkeşiň ýanynda çilim çekmeýän adamyň bolmaly bolýan ýagdaýyna passiw çilimkeşlik diýilýär.Passiw çilimkeşlik örän howply bolup, beýle adama çilim çekýäniň özünden artyk zelel ýetýär.

Munuň özi çilimiň öçmedik odunyň tüssesinde iň zyýanly himiki birleşmeler bolan kanserogen (ýagny, howply çiş keselleriniň döremegine getirýän) maddalaryň has köp bolmagy bilen düşündirilýär.Passiw çilimkeşlik ylaýta-da kiçi çagalar, ýetginjekler we göwreli zenanlar üçin howpludyr, sebäbi olaryň öýkeniň dowamly we onkologiki kesellerine, süýt mäzleriniň howply täzedöremelerine, ýürek-gan damar ulgamynyň kesellerine duçar bolmak ähtimallygy has ýokarydyr.

Adamyň bedeninde çilimiň zäherleýji täsirine duçar bolmaýan agza ýokdur. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryna görä, çilimkeşlik ömür tanapynyň wagtyndan ir üzülmegine getirýän sebäpleriň biridir. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip ýaşaýan maşgaladaky adamlar çilim çekýän maşgaladakylara seredeniňde birnäçe ýyl uzak ýaşaýar.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň başlangyçlary esasynda, her ýylyň 31-nji maýy Bütindünýä çilimkeşlige garşy göreş güni diýlip yglan edildi. Çilimkeşleriň aglabasy öz zyýanly endiginden saplanmagy köplenç başarmaýarlar. Şonuň üçin hem çilimkeşlere psihoterapewte ýa-da narkologa ýüz tutmak maslahat berilýär.

Tohta Ýazmedowa,

Halkara şikesleri bejeriş merkeziniň fizioterapiýa we bedenterbiýe bejeriş bölüminiň

lukmany.

Ýene degişli makalalar

Ýaramaz endigiň saglyga zyýany
Öýken üçin peýdaly azyklar….
Türkmenaragatnaşyk agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Merkezi Aziýa sebitinde neşe serişdeleriniň ýaýradylmagynyň öňüni almak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Aşgabatda Merkezi Aziýa sebitinde neşe serişdeleriniň ýaýradylmagynyň öňüni almak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Saglyk pudagyndaky 'näsaglyklar' hökümet öwünjeňliginiň 'aşagynda galýar'