Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Eder

Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Eder

Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa, ekstremist terror guramasy PKK-a garşy geçen ýyl geçirlen operasiýalarda 923 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini mälim etdi.

Ministr Ýerlikaýa, sosial mediadan beren habarnamasynda, 2023-nji ýylda terror guramalaryna garşy egilşiksiz göreşiň alnyp barylandygyny ýatlatdy.

Ýurduň jebisligini we bitewiligini nyşana alanlara asla egilşik edilmejekdigini aýdan Ýerlikaýa, “Soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä, terrora garşy egilşiksiz göreş dowam eder” diýdi.

Ministr Ýerlikaýa, “Ýurdumyzyň jebisligini we bitewiligi nyşana alýanlara, terrorçylara we olaryň tarapdarlaryna garşy göreşmäge dowam ederis” diýdi.

Ali Ýerlikaýanyň beren beýannamasyna görä, 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň 1-i bilen dekabr aýynyň 31-i aralygynda ekstremist terror guramasyna garşy 19 müň 682 operasiýa geçirildi. Şol operasiýalarda 923 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Fetullahçy terror guramasyna garşy 6 müň 775 operasiýa geçirildi. Şol operasiýalarda 9 müň 639 adam saklandy, şolardan 1689-y tussag edildi.

Terror guramasy DEAŞ-a garşy 1500 operasiýa geçirildi, şübheli 2800 adam saklandy, şolardan 738-i tussag edildi.

Täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň 8-y gyzyl, biri gök, 2-i ýaşyl, 16-sy mämişi, 37-si çal sanawda gözlenýänlerden ybarat.

Ýene degişli makalalar

Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ýene-de 5 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
PKK-ly 12 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ýene-de 4 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ýene-de 4 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terrorçy Wahide Atalaý Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär