Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Siriýanyň demirgazygynda terrorçylaryň hüjüm guramak synanyşyklarynyň jogapsyz galmandygy aýan edildi.

Beýanatda Zeýtun Şahasy operasiýasy sebitindäki bazalaryň birine od açan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 14 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi habar berildi.

Beýleki tarapdan bolsa Şyrnak welaýatynda geçirilýän Eren Gabaw-27 operasiýasynyň çäginde saklanan terrorçylaryň sany 2-ä ýetdi.

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, Şyrnak welaýatynyň Silopi etrabynda ýene-de bir terrorçynyň saklanandygyny mälim etdi.

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu Twitterden beren beýannamasynda: "Hinlerinden kellelerini çykaran pursatlary gahryman esgerlerimiz terrorçylary saklaýarlar" diýip belledi.

Silopi etrabynyň Judi Dagy sebitinde bir terrorçynyň sebitde gözleg we saplaýyş işlerini geçirýän Žandarma güýçleriniň ünsleri saýasynda saklanandygyny aýdan Süleýman Soýlu, Žandarma güýçlerini gutlady.

Içeri işler ministrliginden şu gün irden berilen beýanatda, ady agzalan sebitde saklanan terrorçylaryň sanynyň 2-ä ýetendigi aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Milli Howpsuzlyk gullugy Siriýanyň demirgazygynda möhüm operasiýa geçirdi
Terrorizme Garşy Görş Egilşiksiz Dowam Edýär
PKK/ÝPG-li 4 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ýene-de 6 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
PKK-a agza ýene-de 2 terrorçy Howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi