Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Siriýanyň demirgazygyndaky Ýewfrat Galkany sebitinde asudalyk we howpsuzlyk gurşawyny bozmak maksady bilen hüjüm guramaga taýarlyk görendikleri anyklanan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanatda: "gahryman komandos güýçlerimiz Siriýanyň demirgazygyndaky Ýewfrat Galkany sebitinde asudalyk we howpsuzlyk gurşawyny bozmak maksady bilen hüjüm guramaga taýarlyk görendikleri anyklanan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 3 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi. Terrorçylary hyýanatçylykly amallaryna ýetmeden täsirsiz ýagdaýa getirmäge dowam ederis" diýip habar berildi.

Milli Goranmak ministrliginden ozal berilen beýanatda bolsa Yragyň demirgazygyndaky Penje-Gulp operasiýasy sebitinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçynyň, Hakurk sebitinde bolsa 2 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edilipdi.

Ýene degişli makalalar

Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Ýene-de 4 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Siriýanyň demirgazygynda PKK/ÝPG-e agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Prezident Erdoganyň Yraga Guran Sapary
Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Ýene-de 4 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi