Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Yragyň demirgazygyndaky Penje-Gulp operasiýasy sebitinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanatda: "Yragyň demirgazygyndaky Penje-Gulp operasiýasy sebitinde anyklanan PKK-a agza 2 terrorçy, Türkiyäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi. Şeýlelik bilen sebitde täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 5-e ýetdi.

Nirede bolsalar bolsunlar terror guramasy PKK-a garşy göreşimiz iň soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä çenli dowam eder" diýip habar berildi.

Milli Goranmak ministrliginden ozal berilen beýanatda Penje-Gulp operasiýasy sebitinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi habar berilipdi.

Ýene degişli makalalar

Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär
Siriýanyň demirgazygynda PKK/ÝPG-e agza 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi