Terrorizme Garşy Göreş Egilşiksiz Dowam Edýär

Terrorizme Garşy Göreş Egilşiksiz Dowam Edýär

Milli goranmak ministrligi sosial media hasabyndan Yragyň demirgazygyna guralan harby howa operasiýasy hakynda habarnama berdi.

Habarnamada PKK/KJK-niň we beýleki terror toparlaryna degişli terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirip, Yragyň demirgazygyndan Türkiýä guralýan terror hüjümlerini ortadan aýyrmak we serhet howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen BMG-niň Şertnamasynyň 51-nji maddasyndan gelip çykýan kanuny goranyş hukugyna laýyklykda Yragyň demirgazygyndaky Metina, Gara, Hakurk, Kandil we Asos etraplarynda ýerleşýän pozisiýalara Türkiýe wagty bilen sagat 19.00-da harby howa operasiýalarynyň guralandygy mälim edildi.

Howa operasiýalary bilen ekstremist terror guramasy tarapyndan peýdalanylýan we içinde jogapkär derejede terrorçylaryň bardygy kesgitlenilen gowaklardan, gaçybatalgalardan we ammarlardan ybarat 22 nyşana hatardan çykaryldy.

Operasiýalarda esasan ýerli we milli ok-däri peýdalanylyp, köp sanly terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Beýannamada; “Asylzada milletimiziň gahryman Türk ýaragly güýçleri geçmişde bolşy ýaly şu günki günde-de ýurdumyzyň we milletimiziň geljegi hem-de howpsuzlygy üçin terrorçylyga garşy göreşini ähli terrorçylar ýok edilýänçä egilşiksiz dowam eder” diýtilýär.

Ýene degişli makalalar

Terrora Uly Zarba Urulýar
Nigeriýada Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
“Penje Gulp” Operasiýasy Zolagyndan Şehit Habary Geldi
Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar
Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Milli Howpsuzlyk Gullugy möhüm operasiýa geçirdi
Nigeriýada Zamun Alynan 99 Adam Boşadyldy