Tesla Model S Nýurburgringde Porsche Taycan-yň rekordyny täzeledi

Tesla Model S Nýurburgringde Porsche Taycan-yň rekordyny täzeledi

Tapgyrlaýyn çykarylýan Tesla Model S Plaid Nýurburgring ýaryş ýolunda Porsche Taycan-yň rekordyny täzeledi.Tesla kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Maskyň Twitterde habar bermegine görä, “Tesla-nyň” iň tiz we iň kuwwatly liftbek modifikasiýasy “gysga” aýlawa (20,6 kilometr) 7 minut 30,9 sekunt sarp etdi bu Porsche Taycan Turbo üçin gerek bolan wagtdan 12 sekunt azdyr.

Model S-iň ortaça tizligi sagatda 166,3 kilometr boldy diýip, motor.ru belleýär.

Tesla Model S Plaid ilkinji gezek Nýurburgringe 2019-njy ýylda - Porsche Taycan-yň tanyşdyrylyşyndan soň çykdy. Şonda üç motorly gurluşy bolan liftbek aýlawy 7 minut 23 sekuntda geçdi, ýöne bu görkeziji resmi däldi: wagt synaga gatnaşan “Auto motor und Sport” žurnalisti tarapyndan elde bellenildi.

Häzir bolsa Ilon Mask rekord wagty bilen suraty ýerleşdirdi.Görnüşi ýaly, 7 minut 30,9 sekuntda Model S Plaid 20,6 kilometri geçdi, uzynlygy 20,8 kilometr bolan “Demirgazyk aýlawyny” doly geçmek üçin liftbek 7 minut 35,6 sekunt sarp etdi.

Sürüşden wideo ýazgy heniz ýerleşdirilmedi. Şeýle-de bolsa, gysga aýlawda Tesla Porsche Taycan Turbo-dan (7:42.34) 12 sekunt öňe geçdi, ýöne Chevrolet Corvette Z51-den (7:29.90) we Porsche 911 Carrera S-den (7:30.41) yza galdy.

Mask rekordyň “zawoddan getirilen” Model S Plaid tarapyndan goýlandygyny aýratyn belläp geçdi. Ýöne ol tiz wagtdan Nýurburgringe täze aerodinamiki detallar, karbon tormozly we ýaryş tekerleri bilen doly işlenen liftbegiň çykaryljakdygyna wada berdi.

Ýene degişli makalalar

“Porsche”-niň giňeldilen elektrokary tanyşdyryldy
Porsche hytaý bazaryndan 1 müň 571 awtoulagyny yzyna alar
Elektrikli Hyundai Ioniq 5 Germaniýada ýylyň awtoulagy boldy
Porsche Taycan elektrokary Ginnesiň rekordyny täzeledi
Porsche 2030-njy ýyla çenli 80% elektromobilleri çykarmaga girişmegi meýilleşdirýär
Porsche kompaniýasy Taycan GTS awtoulagynyň täze görnüşini tanyşdyrdy