THF: Türkmenistanly Baýmyradow Türkiýeden bikanun’ deport edildi

THF: Türkmenistanly Baýmyradow Türkiýeden bikanun’ deport edildi

Türkmenistanly migrantlaryň ýene biriniň, ýagny Maksat Baýmyradowyň Türkiýeden deport edilendigi habar berilýär. “Türkmen Helsinki Fondunyň” bu baradaky 14-nji sentýabryndaky habarynda Baýmyradowyň “bikanun” ýagdaýda watanyna iberilendigi we onuň ol ýerde basyşlara duçar bolup biljekdigi bellenilýär.

Mary welaýatynda doglan, 30 ýaşly zähmet migranty Baýmyradow Internetde türkmen raýatlarynyň Türkiýede we Türkmenistanda ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlary, olaryň hak-hukuklary barada çykyş edip, öz garaýyşlaryny ençeme gezek beýan edipdi.

Baýmyradow geçen aýyň ahyrynda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň “Migrant.Media” proýektine beren interwýusynda özüniň ýaşamaga ygtyýarnamasynyň möhletiniň oktýabryň ortasyna çenli bardygyna garamazdan, iýunyň ortalarynda Stambulda saklanandygyny aýtdy.

Şonda ol polisiýada özüne ýaşamaga ygtyýarnamasynyň ýatyrylandygynyň aýdylandygyny, ýöne tussag edilmekden saklanandygyny hem gürrüň beripdi. “Migrant.Media” proýekti Baýmyradowyň bu interwýunyň yzysüre saklanandygyny habar berdi.

6-njy sentýabrda Türkiýede adam hukuklaryny gorap çykyş edýän türk raýdaşlyk guramasy “Mazlumlar” 1-nji sentýabrdan bäri Diýarbakyr şäherindäki deportasiýa merkezinde saklanýan Baýmyradow barada deport etmek kararyň kabul edilendigini mälim etdi.

“Baýmyradow Türkmenistana iberilse, [ol] ölüm, gynamalar we ýowuz daraşmak töwekgelçilikleri bilen ýüzbe-ýüz bolup biler. Şol sebäpli Baýmyradow hakynda çykarylan deport karary ýatyrylmalydyr” diýlip, maglumatda bellenipdi.

Emma bu çagyryşlara garamazdan, “Türkmen Helsinki Fondunyň” maglumatyna görä, 7-nji sentýabrda Baýmyradow Diýarbakyrdan Erzurum şäherindäki deportasiýa merkezine geçirilipdir we birnäçe günden soň, şol ýerden Türkmenistana ugradylypdyr.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň deportasiýa merkezi bilen telefon arkaly habarlaşmak synanyşyklary başa barmady.

Hukuk goraýjy topary Baýmyradowyň deportasiýa merkezlerinde saklanylan döwri aklawçylaryň ony yzyna ugratmak baradaky karary ýatyrmak ugrunda üstünlüksiz synanyşyklary edendiklerini hem belleýär.Türk resmileri bu baradaky degişli kararyny, hamala, Baýmyradowyň özüniň deportasiýa edilmegine garşy däldigi baradaky dokumente gol goýandygy bilen düşündiripdirler.

Emma 5-nji sentýabrda Baýmyradow öz ýakynlaryna hiç hili dokumente gol goýmandygyny aýdyp, audio ýazgy ugratmagy başarypdyr.Ol öz tankydy çykyşlary üçin Türkmenistanda özünden ar alynmak howpunyň bardygyny nygtap, yzyna dolanmak islemeýändigini hem belläpdir.

Hukuk goraýjylar, Erzurumdaky deportasiýa merkezindäki öz çeşmelerine salgylanyp, Türkmenistanyň konsullyk işgärleriniň bu edara ýygy-ýygy gelýändiklerini we deportasiýa edilmeli türkmen raýatlarynyň gerekli dokumentlerini getirýändiklerini ýazýar.

Soňky ýyllarda daşary ýurtlarda öz syýasy we jemgyýetçilik garaýyşlaryny beýan eden ýa-da türkmen häkimiýetleri tarapyndan yzarlanýan türkmenistanlylaryň daşary döwletlerden deportasiýa edilmegi we Türkmenistanda ýitirim edilmegi bilen bagly ýagdaýlar wagtal-wagtal peýda bolýar.

Türk häkimiýetleri, Rejep Taýýyp Erdoganyň 28-nji maýda täze bäş ýyl möhlet bilen prezidentlige saýlanmagynyň we täze içeri işler ministri Ali Ýerlikaýanyň 4-nji iýunda wezipä girişmeginiň yzysüre, ýurtda bikanun ýaşaýan migrantlara garşy geçirýän reýdleriniň gerimini güýçlendirdiler.

Türkiýede soňky üç aýda geçirilen reýdlerde 75 müň bikanun zähmet migrantynyň saklanandygy, olaryň 32,5 müňüniň eýýäm deportasiýa edilendigi resmi taýda mälim edildi.

Türk häkimiýetleri tussag we deport edilen on müňlerçe migrantyň haýsy ýurtlaryň raýatlarydygy barada häzire çenli aç-açan maglumat bermeýärler. Ýöne olaryň arasynda türkmenler hem bolup, Türkmenistan geçen aýyň başynda Türkiýeden deport bolan müňden gowrak raýatyny ýurda getirdi.

Garaşsyz neşirler olaryň arasynda türkmenistanly raýat aktiwistleriniň hem bardygyny habar berip gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň tapgyr ikinji aýgytly ýyly
THF: Türkiýäniň deportasiýa merkezinde türkmen raýatlarynyň ençemesi ýenjildi
Daşary çykmak gorkusy we 'meýletin' deportasiýa. Türkiýedäki türkmen migrantlaryna basyş güýçlenýär
Türkmen aktiwisti Stambulyň Taksim meýdanyna çykyp, türkmen hökümetine protest bildirdi
Çözülmesi çatak bolan üç mesele ýönekeý adamlary heläk edýär
Polşa-Belarus Serhinde 4 Migrant Doňdy