Tir aýyň 14-i, Liwanda Eýran diplomatlarynyň alnyp gaçylmagynyň ýyl dönümi hakda

Tir aýyň 14-i, Liwanda Eýran diplomatlarynyň alnyp gaçylmagynyň ýyl dönümi hakda

1982-nji ýylyň 4-nji iýulynda(Tir aýyň 14-i )Liwanda dört eýranly diplomat alnyp gaçyldy.

Bu terrorçylykly hereketde, Eýran Yslam Respublikasynyň Beýrutdaky ilçihanasynyň işgäri Seýid "Mohsen Musawi", ilçihanaň harby attaşy Ahmat Motawaselýan, tehnika geňeşçisi "Tagi Rastegar Mogaddam" we "IRNA habarçysy Kazem Ahwan dagylar Liwanyň demirgazygyndaky Barbara barlagynda saklandy; olar diplomatik polisiýanyň goragy astynda bolsalarda Sionist režimiň ýolbaşçylygynda ýaragly hakyna tutulanlar tarapyndan alnyp gaçylypdy.

Bu ýyllaryň dowamynda subutnamalara we resminamalara esaslanyp, Liwanda alnyp gaçylan diplomatlaryň Sionist režiminiň basyp alyjy güýçlerine tabşyrylandygy, soňra basyp alnan ýerlere geçirilendigi we bu režimiň türmelerinde birnäçe wagt geçirilendigi tassyklandy .

Bu terrorçylyk hereketinden 39 ýyl geçdi, bu waka bilen baglanyşykly jogapsyz soraglar henizem galýar.

Bu terrorçylyk işinde ilkinji nokat, sionist režimiň bu meselede ýazgylaryny göz öňünde tutup, kesgitli we inkär edip bolmajak bu terrorçylyk hereketinden gelip çykýan jogapkärçilikler. Bu meselede ýüze çykýan sorag; BMG näme üçin halkara jogapkärçiligine garamazdan bu meseläni çözmek islemeýär?

Howpsuzlyk Geňeşiniň onlarça ýyllap hereketsizligi Ysraýyl režiminiň bikanun işlerini dowam etdirmegine sebäp bolan faktorlaryň biridir. Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Majid Tahte Ravançi Bir ýyl ozal BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterreşe ýazan hatynda bu meseläni çözmekde Birleşen Milletler Guramasynyň jogapkärçiligini nygtady.

Bu terrorçylyk hereketi bilen baglanyşykly maglumatlar we resminamalar bu ogurlyga "Ili Habikeh", soňra Liwanda sionist bazasy hasaplanýan "Samir Jäjä" baştutanlygyndaky harby akymyň gatnaşandygyny görkezýär.Ili Habikeh Ysraýylyň Liwandaky hristian söweşijileri tarapyndan alnyp gaçylan eýran diplomatlaryny Ysraýyla geçirmegini islenendigini aýtdy.

Howpsuzlyk Geňeşiniň bu meselede aýratyn jogapkärçiliginiň bardygyna we adalat we halkara hukugynyň ýörelgelerine laýyklykda öz borçlaryny we ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmelidigine şek ýokdyr.

ýene bir möhüm mesele, Sionist režimiň agressiýasy we giňelmegi diňe Palestina ýerlerini basyp almak bilen çäklenmeýär. Sionist režim sebitdäki terrorçylygyň çeşmesi we esasy bolup, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň goldawy bilen halkara hukugyny bozýan jenaýatlary we hereketleri dowam etdirýär.

Ýene degişli makalalar

Salih Al Aruriniň Janyna Kast Edilmegi ABŞ-na Ýaramaz Täsirini Ýetirer
Ysraýylyň Liwana Guran Howa Hüjüminde 3 Adam Ýaralandy
Ysraýylly ministr Eýrana hemle atdy
“Gaza Söweş Meýdanyna Öwrüldi”
Gazadaky çaknyşyklarda 21 ysraýylly esger öldürildi
23-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal