TOGG-y ilkinji gezek ulanan Adalat ministri Bekir Bozdag: "Beýleki ulaglarda ses eşidýärsiňiz, emma häzirki wagtda men hiç hili ses eşidemok. Hamala ulag sessiz gidýän ýaly. Arkaýyn ýagdaýda ulanyp bolýar" diýip belledi.
Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý hem sosial media hasabyndan "Türkiye Asyry" etiketkasy bilen beren beýanatynda, TOGG-y ilkinji gezek ulanan pursadyny paýlaşdy.
Maşgala we sosial hyzmatlar ministri Derýa Ýanyk, TOGG-y ilkinji gezek ulandy. Ýanyk ministrligiň töwereginden aýlandy.
Içeri işler ministri süleýman Soýlu, sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Türkiyäniň ynkylaby, ýerli we milli ulagymyz TOGG ministrligimiziň inwentarynda, Ýene-de bir arzuw-hyýaly amala aşyran Prezident Rejep Taýýip Erdogan başda bolmak bilen zähmet çeken ähli adamlara minnetdarlyk bildirýärin" diýip belledi.
Milli Bilim ministri Mahmur Özer hem sosial media hasabyndan TOGG-y ulanan mahaly alan suratyny paýlaşdy.
Ýaşlar we sport ministri Mehmet Muharrem Kasapogly hem TOGG-y ulanan pursadynda alynan materiallary sosial media hasabyndan paýlaşdy.
Türkiyäniň ýerli we milli awtoulagy bilen ilkinji sürüşini amala aşyran Kasapoglyna raýatlar uly gyzyklanma bildirdi.
Kasapogly TOGG-yň öňünde raýatlar bilen surata düşdi.
