Tok bilen işlär

Soňky wagtlarda elektrik energiýasy bilen işleýän model öndürmeýän kompaniýa ýok diýen ýaly.Indi diňe bir ýeňil awtoulaglar däl, has uly gatnaw serişdeleriniň hem ýangyjyň arassa çeşmesi bilen işleýän görnüşleri peýda bolup başlady. Ýük we ýolagçy gatnatmaga niýetlenen modelleri bolan “FIAT Ducato” ulagynyň hem şeýle görnüşi işlenip düzülýär.

Nusgalyk görnüşi tanyşdyrylan ulagyň batareýasynyň dürli aralyklara niýetlenen görnüşleri bolar.Söwda maksatly ýeňil ulag hasaplanýan täze “Ducato” bir gezekki zarýady bilen 220-360 kilometr aralygynda ýol geçer.Kuwwaty 120 at güýjüne barabar boljak ulagyň energiýasyny tygşytly peýdalanmagy üçin tizligi 100 km/sagat bilen çäklendirilipdir. Ýeri gelende aýtsak, soňky döwürde käbir kompaniýalar ulaglarynyň käbir modelleriniň tizliginiň 180 km/sagatdan ýokary bolmajakdygyny mälim edipdi.

Elektrik energiýasy bilen işleýän “Ducato”-nyň ýük göterijiligi 1950 kilogram bolar.Indiki ýyldan başlap satuwa çykaryljak ulagyň ýolagçy, ýük we ýörite maksatlara niýetlenen dürli görnüşleri bolar.

Ýene degişli makalalar

11.08.2019 | Ulag Hazarda hyzmatdaşlygyň möhüm ulgamy
18.11.2019 | Türkmenistan — BMG: sebit ykdysady maksatnamasy durmuşa geçirilýär
Ulag Hazarda hyzmatdaşlygyň möhüm ulgamy
“Türkmenistanyň Daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnaly
ULAG ULGAMY BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJEDE DUŞUŞYK GEÇIRILDI
“Moskwiç” gaýtadan öndüriler