Tokaýew: "Orta Aziýanyň ähmiýeti artdy" diýdi

Tokaýew: "Orta Aziýanyň ähmiýeti artdy" diýdi

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew Astana şäherinde iş alyp barýan daşary ýurt missiýalaryň ýolbaşçylary we diplomatlar bilen duşuşyk geçirdi.

Tokaýew 20-nji noýabrda geçiriljek möhletinden irki Prezident saýlawy bilen emele getiriljek täze dolanşyk nusgasy bilen hökümetiň dowamly ýolunyň üpjün ediljekdigini we şeýlelik bilen Gazagystanyň has demokratik bir döwlet bolmagy üçin ädimleriň ediljekdigini habar berdi.

Açyk ykdysadyýet ýörelgesine bagly galyp, dünýäniň 180 ýurdy bilen söwda gatnaşyklaryny dowam etdirjekdiklerini aýdan Tokaýew: "Bar bolan ykdysady tolkunmalara garamazdan hem maddy hem-de maddy däl eksportymyz takmynan 40 göterim artdy. Daşary ýurt maýadarlaryny çekmekde Orta Aziýadaky lider pozisiýamyzy has hem güýçlendirmekde tutanýerlidiris" diýip beýan etdi.

Tokaýew häzirki wagtda bar bolan Hytaý-Ýewropa arasyndaky gara ýol ýük daşamagyň 80 göterimden gowragynyň Gazagystanyň topraklaryndan geçýändigini belläp, şol çäkde Trans Hazar geçelgesiniň (Orta Koridor) energiýa we azyk howpsyzlygynyň üpjün edilmeginde barha möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny nygtady.

Tokaýew Orta Aziýanyň güýçli ykdysady ýurdy hökmünde Gazagystanyň sebitleýin galkynyşa goşant goşmaga dowam etjekdigine ünsleri çekdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiye-Gazagystan Bilelikdäki Strategik Meýilleşdiriş Toparynyň 8-nji Maslahaty Ankarada Başlady
“Özüni tanyşdyrmak we abraýy berkitmek”. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleri näme barada we näme üçin kitap ýazýarlar
Hazarüsti gaz geçirijisi arzuwy täzeden janlanyp bilermi?
Prezident Tokaýew Pakistana sapar eder
Pakistan bilen Gazagystan özara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin 37 şertnama baglaşdy
Gazagystan täze konstitusiýany tassyklady
Prezident Erdogan bilen Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy