Tokio — 2020-ä gatnaşjak bosgunlaryň Olimpiýa toparynyň düzümi yglan edildi

Tokio — 2020-ä gatnaşjak bosgunlaryň Olimpiýa toparynyň düzümi yglan edildi

Halkara Olimpiýa Komiteti Tokioda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynda sportuň 12 görnüşi boýunça ýaryşjak bosgunlaryň toparynyň 29 türgenden ybarat bolan düzümini tassyklady. Bu barada BMG-niň resmi internet saýtynyň habarlar bölümi ýazýar.

BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginde Halkara Olimpiýa Komitetiniň bu çözgüdini gutlap, toparyň halkara ýaryşlara şeýle derejede gatnaşmagynyň mejbury ýagdaýda ondan-oňa göçmeli bolan adamlar bilen bagly ählumumy çökgünligine ünsi çekmäge ýardam etjekdigine ynam bildirildi.

Hut şu başlangyç dünýä ýüzündäki millionlarça bosgunlara has oňat geljek üçin umt berýär.Häzirki wagtda dünýäde başga ýerlere göçürilen adamlaryň sany 80 milliondan gowrakdyr: bosgunlar, mejbury ýagdaýda ýurduň içinde göçürilýänler we raýatlygy bolmadyk adamlar. 2020-nji ýylda geçirilmegi göz öňünde tutulan Tokiodaky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin bosgunlaryň 56-sy taýýarlanypdy. Ýöne bagt petegi olaryň 29-syna miýesser etdi.

Bosgunlaryň Olimpiýa toparynyň düzümine jemi 11 döwletden: Owganystandan, Wenesueladan, Kongo Demokratik Respublikasyndan, Eritreýadan, Eýrandan, Yrakdan, Kamerundan, Kongodan, Siriýadan, Sudandan, Günorta Sudandan türgenler girdi.Olaryň ählisi-de kemsitmeler we yzarlamalar sebäpli öz ýurtlaryndan mejbury ýagdaýda gaýtmaly bolanlardyr. 23-nji iýulda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda Gresiýanyň — Olimpiýa oýunlarynyň Watanynyň toparyndan soň bosgunlaryň topary Olimpiýa baýdagynyň astynda ýöräp geçer.

Ýene degişli makalalar

Tramp 12 ýurduň raýatlaryna ABŞ girmegini gadagan etdi; ýedi ýurduň, Türkmenistanyň hem raýatlaryna bölekleýin çäklendirme’ girizdi
Trampyň ABŞ-a girişi 'bölekleýin çäklendirýän' buýrugy Türkmenistanyň raýatlaryna hem degişli
ABŞ-da emlägi bolan türkmen baýlary Ak tamyň girizjek wiza çäklendirmelerini ýakyndan synlaýar
Ak tam onlarça ýurduň raýatlaryna ABŞ-a girmegi gadagan etmekçi bolýar, sanawda Türkmenistan hem bar Reuters
Efiopiýada gaýyk pajygasy başdan geçirildi
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Nebit ministri OPEK-iň başlygy boldy