Tokio-2020: türkmen Olimpiýaçylary uly ynam bilen iň iri sport baýramçylygyna ugradyldy

Tokio-2020: türkmen Olimpiýaçylary uly ynam bilen iň iri sport baýramçylygyna ugradyldy

16-njy iýulda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesindäki “Sport” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow, şeýle hem Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, ýurdumyzyň milli sport merkezleriniň, federasiýalarynyň ýolbaşçylary, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymlary, talyplary gatnaşdylar.

TmCars.info-nyň ozal hem habar berşi ýaly, Türkmenistanyň ýygyndy toparyna 9 türgen girýär, olar sportuň dört görnüşi — dzýudo, ýeňil atletika we agyr atletika, suwda ýüzmek boýunça bäsleşiklerde çykyş ederler.

Agyr atletika boýunça geçiriljek bäsleşige 109 kilogramdan ýokary agram derejesinde Hojamuhammet Toýçyýew we Öwez Öwezow 109, Rejepbaý Rejebow 81 kilograma çenli agram derejesinde, 59 kilograma çenli agram derejesinde Polina Gurýewa, 55 kilograma çenli agram derejesinde bolsa Kristina Şermetowa çykyş ederler.

Mergen Mämmedow ýeňil atletikanyň ýekedaban zyňmak görnüşi boýunça ýaryşlara gatnaşar. 52 kilogram agram derejesinde çykyş edýän Gülbadam Babamyradowa dzýudo boýunça bäsleşiklere gatnaşar.Merdan Ataýew suwda arkanlygyna ýüzmek boýunça 100 we 200 metr aralyga, Darýa Semýonowa bolsa bras usulynda 100 metr aralyga güýç synanyşarlar.

Olimpiýa ýaryşlarynyň geçirilýän günlerinde ussat sport hünärmenleri we tälimçiler türgenleriň ýanlarynda bolarlar.Wise-premýer, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi S.Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde çykyş edýän türgenlere hem-de olaryň tälimçilerine XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etmegi arzuw etdi, olaryň dünýä möçberindäki iri bäsleşiklerde ýurdumyza mynasyp wekilçilik edip, Watanymyzyň sport abraýyny halkara derejede belende göterjekdiklerine ynam bildirdi.

Dabara gatnaşyjylar XXXII tomusky Tokio Olimpiýa oýunlarynyň sport meýdançalarynda türkmen türgenlerine rowaçlyklar we üstünlikler arzuw etdiler hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. “Sport” myhmanhanasynyň eýwanynda türkmen türgenleriniň gazananlaryna bagyşlanan ýörite sergi guraldy.

Onda ýurdumyzyň türgenleriniň iri halkara bäsleşiklerde mynasyp bolan sylaglary görkezildi. Ýeri gelende bellesek, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň dowamynda sportuň 33 görnüşi boýunça medallaryň 339 toplumy ugrunda ýaryşlar geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Tomusky Olimpiýa oýunlaryna türkmenistanly 9 türgen gatnaşar
Türkmen türgenleri Tokiodaky koronawirus aladalarynyň arasynda Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýar
Iki türkmen sportçysy Tokio olimpiadasynda ýaryşdan çykdy
Tokiýodaky tomusky Olimpiýa oýunlarynda türkmen türgenleri entek haýsyda bir medal gazanmady, Özbek türgeni eýýäm, altyn gazandy
Türkmenistan Olimpiýa oýunlarynda garaşsyzlyk taryhynyň ilkinji medalyny gazandy
Agyr atletikaçy Polina Gurýewa Türkmenistanyň taryhynda Olimpiýadanyň ilkinji kümüş medalyny gazandy