23-nji fewralda Türkmenistanda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň owgan böleginiň işine badalga berilmegine bagyşlanan dabaraly çäreler bolar.
Bu çärelere birnäçe ýurduň ýokary derejeli emeldarlary gatnaşar.
Pakistanyň premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi Türkmenistana resmi sapara ugrady diýip, “PakistanToday“ habar berdi.
Neşiriň maglumatyna görä, bu dabara Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani we Hindistanyň daşary işleriniň döwlet ministri M.J.Akbar hem geler.
Ýurda Azerbaýjanyň energetika ministri Parwiz Şahbazow hem geler diýip, Interfax.az habar berdi.
Ýatladýarys, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň dekabr aýynyň aýagynda Pakistanyň prezidenti Mamnun Huseýn we Hindisatanyň prezidenti Rama Natha Kowind bilen telefonda gürleşip, olary hem dabara gatnaşmaga çagyrypdy.
