Tort haçandan bäri taýýarlanylýar?!

Ilkinji tortuň haçan peýda bolandygy belli däl.Bu süýjüligiň taryhynyň 2 müň ýyldan gowrakdygy çaklanylýar. Üstüne owradylan däne sepilen çörekleriň suratlary Gresiýanyň we Gündogaryň käbir taryhy maglumatlarynda saklanyp galypdyr.

Gadym döwürlerde bal bilen hoz garylan çörekli süýjülik meşhur bolup, bu tortuň ilkinji nusgasy hasaplanýar.Tort italýan diliniň florid sözünden gelip çykyp, haşamlanan, owadan bezelen diýen manyny berýär.

Wagtyň geçmegi bilen bu süýji iýmit dürli ýurtlara ýaýrap, tort, cake we pasta atlary bilen tanalyp başlaýar.Belli bir döwürlerde tort söýginiň, dostlugyň, agzybirligiň nyşany hökmünde peýdalanylypdyr.Tort kesmek ylalaşygyň, şowlulygyň gazanylandygyny görkezipdir.

Gyzykly maglumatlar

Ilkibaşda tort iki bölek tegelek çöregiň arasyna baldyr mürepbe goýlup taýýarlanypdyr.

Gadym döwürlerde tort häzirki bilşimiz ýaly süýji iýmit bolmandyr.

Fransuzlarda ilkibaşda tort diýip etli gutaba aýdypdyrlar.

Doglan gün üçin ilkinji tort 1975-nji ýylda taýýarlanyldy.

Iň uzyn tort Hindistanyň Trissur şäherinde köpçülige hödürlenildi. Uzynlygy 5,3 kilometre, agramy 27 tonna barabar bolan äpet wanil torty 2020-nji ýylda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Iň kiçi tort şweýsariýaly konditerçi tarapyndan ýasalyp, bu torty barmagyň ujunda saklap bolýar.

Iň agyr tort Meksikada taýýarlanyp, agramy 54 tonnadan gowrakdyr.

Iň beýik tort Jakartada ýasaldy. Ak arça meňzeş tortuň beýikligi 33 metre barabar.

Ýene degişli makalalar

Guterriş: deňziň derejesiniň ýokarlanmagy tutuş ýurtlaryň ýok bolmagyna getirer
Indoneziýada ýangyç ammarynda ýangyn boldy
Türkmenistanda harby gulluk hakynda kanunlara täzeden serediler, Aşgabatda galyndylary aýry-aýrylykda toplamak (sortlamak) taslamasy synag ediler, Türkmenistanda halkara ýaryşlarynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi we beýleki habarlar
250-den gowrak adam Aşgabatda geçirilen Ýeňiş diktanty çäresine gatnaşdy, Daşoguz welaýatynda geçirilen at çapyşyklarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy ugrunda ýaryşyldy we beýleki habarlar
Daşary Işler Ministri Fidan, ASEAN-yň Maslahatyna Gatnaşýar
Bali 2024-nji ýyldan başlap syýahatçylyk salgydyny girizer