TotalEnergies: nebitiň bahasy barrel üçin 100 dollara dolanyp biler

TotalEnergies: nebitiň bahasy barrel üçin 100 dollara dolanyp biler

Nebitiň nyrhy rekord derejede islegiň artmagy bilen baglylykda bir barrel üçin 100 amerikan dollaryna dolanyp baryp biler. Bu barada TotalEnergies kompaniýasynyň başlygy Patrik Puýanneniň sözlerini getirmek bilen, Bloomberg habar berdi.

Patrik Puýanne şeýle-de nebit önümleriniň telekeçilik gorlarynyň azalandygyny belledi.

Nebitiň gymmatlamagy barada şeýle çaklamany Eýranyň OPEK guramasyndaky wekili Afşin Jawan hem aýtdy. Ol nebitiň dünýä bahalarynyň eýýäm 2023-nji ýylyň ikinji ýarymynda 100 dollara ýetip biljekdigini çaklaýar. Muňa Hytaý tarapyndan islegiň dikelmegi we satuwlaryň çäklendirilmeleri sebäp bolar. Bu barada Kapital.kz saýty ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat 2017 oýunlarynyň açylyş dabarasynda janlandyrylan türkmen taryhy
16.01.2018 | Amuldan — Hazara çenli: kerwen ýollarynyň taryhynyň ýadygärlikleri. Kerwensaraýlar
“Terminal” (Terminal)
Margarita Moskowskaýany hatyralap : Zemin içre zähmetiňi Watana bagş etmekden belent mertebe ýok...