“Tottenham” 1-nji orunda, “M. Siti” toparyndaky pese gaçyşlyk dowam edýär Angliýanyň 9-njy tapgyry

“Tottenham” 1-nji orunda, “M. Siti” toparyndaky pese gaçyşlyk dowam edýär  Angliýanyň 9-njy tapgyry

Angliýanyň çempionatynda 9-njy tapgyrda 2 oýunda galan duşuşyk oýnaldy.Tapgyryň merkezi oýnunda “Tottenham” topary öz meýdançasynda “Mançester Sitini” kabul edip, 2-0 hasabynda ýeňdi.Başgaça aýdylanda, Žoze Mourinio ezeli bäsdeşi, topary bilen golaýda şertnamasynyň möhletini uzaldan Pep Guardioladan üstün çykmagy başardy.

London şäheriniň toparynyň gollaryny 5-nji minutda Son Hyn Min hem-de oýna gireninden 35 sekunt soň, 65-nji minutda Lo Selso derwezä girizdi. “Mançester Siti” toparynda pese gaçyşlyk dowam edýär.

Bu ýeňişden soň, “Tottenham” liderligini dowam etdirýär.

Şikeslilerden doly "Liwerpul" uly hasaply ýeňiş gazandy

10 oýunçysy şikesli bolan “Liwerpul” topary güýçli garşydaşy “Lesterden 3-0 hasabynda üstün çykdy, Ewansyň öz derwezesinden geçiren golundan soň, Diogo Žota hem-de Firmino tapawutlandy. Öz meýdançasynda 64 oýunda bäri ýeňilmän gelýän “Liwerpul” bu ugurda öz rekordyny täzeledi. Duşuşykda tapawutlanan Žota “Liwerpulyň” köýnekçesi bilen soňky 6 oýunda 7 gol geçirdi.

"Ewerton" ahyry ýeňiş gazandy

“Mançester Ýunaýted” öz meýdançasynda “West Bromwiçi” Bruno Fernandeşiň 56-njy minutda geçiren penalti goly bilen 1-0 utdy. “Nýukasly” myhmançylykda Fernandes hem-de Abrahamyň gollary bilen 2-0 ýeňen “Çelsi” 3-nji orna çykdy.

Möwsüme juda şowly başlan “Ewerton” 4 oýundan soň, ýeňiş gazanmagy başardy. 1-nji ýarymda 3 gol geçiren “Ewertonyň” 2 goluny Kalwert-Lewin derwezä girizdi.Geçen möwsümde şowly netijeler gazanan “Şeffild Ýunaýted” bu möwsümde 9-njy oýunda-da ýeňiş gazanyp bilmedi.

Soňky 5 oýunda 1 gol geçiren “Arsenal” myhmançylykda “Lids Ýunaýted” bilen 0-0 deňme-deň oýnady.

9-njy tapgyryň netijeleri:

NýukaslÇelsi: 0-2

BraýtonAston Willa: 1-2

TottenhamMan. Siti: 2-0

Man. ÝunaýtedW. Bromwiç: 1-0

FulhamEwerton: 2-3

Şeffild Ýunaýted West Ham: 0-1

Lids Ýunaýted Arsenal: 0-0

Liwerpul-Lester Siti: 3-0

Bernli K. Palas (şu gije)

Wulwerhempton Southempton (şu gije)

Ýene degişli makalalar

Angliýanyň “Premier Ligasynda” 10 günde 30 duşuşyk oýnalar
47 ýyldan soň ilkinji ýeňiş
“Çelsi”, “Arsenal”, “Tottenham”, “West Ham”… Londonyň klublary ýaryşdan çykdy
FA Kubogynyň 1/16 finalynda iki läheň duşuşar
9 golly duşuşyk
8 goly 8 futbolçy geçirdi