Sport we Saglyk

Tottenhem Mançester Sitini ýeňip, APL-de birinji orny eýeledi

Tottenhem Mançester Sitini ýeňip, APL-de birinji orny eýeledi

Futbol boýunça Angliýanyň çempionatynyň dokuzynjy tapgyr duşuşygynda Londonyň “Tottenhemi” öz meýdançasynda “Mançester Sitini” 2-0 hasabynda ýeňdi.

Gollary Son Hyn Min (5-nji minut) we Jowanni Lo Çelso (65) geçirdi.Argentinaly oýunçy eýýäm oýna gireninden bir minutdan soň tapawutlanmagy başardy.Harri Keýniň netijeli pasy bilen ol pökgini tora girizdi.

Häzir Son Hyn Miniň hasabynda çempionatda dokuz goly, Keýniň hasabynda dokuz netijeli geçirimi bar.Iki görkeziji boýunça-da, oýunçylar çempionatyň häzirki liderleri.London klubyna portugaliýaly Žoze Mourinýu, “Mançester Siti” klubyna ispaniýaly Hosep Gwardiola ýolbaşçylyk edýär.

Mourinýu Gwardiolany ýedinji gezek ýeňdi, Gwardiolanyň hasabynda 11 ýeňiş bar, olaryň ýolbaşçylygyndaky klublar alty gezek deňme-deň oýnadylar.Portugaliýalynyň tälimçiniň “Tottenhemiň” başyna geçeli bäri, london kluby Gwardiolanyň topary “Mançester Siti” bilen geçirilen iki oýunda-da ýeňiş gazandy.

Bu ýeňşiň netijesinde “Tottenhem” dokuz tapgyrda 20 utuk gazanyp, Angliýanyň premýer-ligasynyň tablisasynda birinji orny eýeledi. “Mançester Siti” sekiz duşuşykda 12 utuk bilen 10-njy orunda ýerleşýär.Indiki tapgyrda “Tottenhem” 29-njy noýabrda myhmançylykda Londonyň “Çelsi” kluby bilen duşuşar, “Mançester Siti” bir gün öň “Býornlini” kabul eder.

Günüň beýleki oýunlarynda “Çelsi” “Nýukasly” 2-0 hasabynda, “Braýton” “Aston Willa” toparyny 2-1 hasabynda ýeňdi.

Ýene degişli makalalar

“Tottenham” 1-nji orunda, “M. Siti” toparyndaky pese gaçyşlyk dowam edýär Angliýanyň 9-njy tapgyry
UEFA ýylyň toparyna 50 dalaşgäri yglan etdi
“Borussiýa Dortmund” 1/8 finalda, Ronaldonyň 750-nji goly we beýleki hasabatlar
UEFA Çempionlar ligasynda ýene-de 2 klub 1/8 finala çykdy
Sportuň taryhynda şu gün
UEFA-da ýylyň toparynyň dalaşgärleri mälim edildi